Çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak sapaklaryň gyzykly guralmagyny üpjün edýär. Innowasion tehnologiýalaryň saglygy goraýyş, taslama, gözleg-barlag, maglumat-kommunikasiýa, oýun, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen, okatmagyň ösdüriji, sungat, portfolio tehnologiýalary ýaly ýokary netijeli usullaryny okuw işinde giňden peýdalanýarys. Döwrebap tehnologiýalary döredijilikli ulanmak bilen, körpeleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek arkaly, olary mekdebe ýokary derejede taýýarlamak boýunça işleri alyp barýarys. Okuw-terbiýeçilik işlerimizde körpelere bilim bermekde ulanylýan oýunlar okatmagyň usuly hökmünde sapagyň netijeliligini ýokarlandyrýar we esasy usullaryň biri bolup durýar. Oýunlar okatmak we terbiýelemek maksady bilen, ulular tarapyndan döredilen bolsa-da, oýun oýunlygyna galýar we öz aýratynlygyna eýe bolýar. Bu usulyň aýratynlygy çaga oýunda çylşyrymly maglumaty oňat özleşdirýär. Özüni gurşap duran zatlary bilmek, anygyna ýetmek isleýär, elläp görýär, pikirlenýär. Çaganyň täsirlenmesi baýlaşýar, düşünjeleri tertipleşýär. Körpe durmuş tejribesine düşünjelere akyl ýetirmek arkaly eýe bolýar. Çaga görýär, eşidýär, duýýar. Ol özüniň duýgy agzalary arkaly görýän zatlaryna düşünýär. Körpeler oýunlarda ýalňyşyny tapmak, tabşyrylan ýumşy çalt ýerine ýetirmek, nämäniň üýtgändigini kesgitlemek ýaly oýnuň düzgünlerini ýerine ýetirýärler. Aslynda, çagalar bu işleri ýerine ýetirmek bilen, okuw ýumuşlaryny çözmegiň ýollaryny ele alýarlar, matematika sapagynda köp zatdan az zady aýyrmagy, berlen san, nusga boýunça sanap aýyrmagy öwrenýärler. Sona AÇILOWA, Aşgabat şäherindäki 103-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Çagalar baglary bölümine gaýtmak
Körpeler üçin oýunlaryň ähmiýeti
Çagalar baglary
Ählisi
11 görülme sany