Çagalary mekdebe netijeli taýýarlamak we olaryň geljekde üstünlikli okamaklaryny üpjün etmek esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Bu ugurda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň, başlangyç synp mugallymlarynyň hünär başarnyklary yzygiderli kämilleşdirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ähli toparlarynda terbiýelenýän çagalara sapaklar boýunça düşünjeleriň köpüsini suratlar, oýunlar, halk döredijilik eserleri arkaly öwretmek bolýar. Ertekiler, sanawaçlar, ýaňyltmaçlar, matallar, hüwdüler, läleler halk döredijiliginiň görnüşleridir. Halk döredijiligi çagalarda her bir sapak boýunça düşünjeleri kemala getirmegiň serişdesi bolup durýar. Munda çagalara tapmaçalar bilen sorag berýäris. Munuň üsti bilen çagalarda pikirlenmek ukyby kämilleşýär. Mysal üçin, «Aý bilen gelip, Gün bilen gider» (Ýyldyzlar), «Gök köýnege pagta ýaýdym» (Bulutlar). Şeýle hem multimedia tagtasy bilen işlemek çagalaryň sapaga gowy düşünmekleri üçin oňyn netije berýär. Olaryň görüş arkaly kabul edişi ýokary bolýar. Çagalar görenleri boýunça predmetleriň ululyklaryny kesgitlemäge hem türgenleşdirilýär. Multimedia tagtasynda görkezilen 3, 4, 5 gatly jaýlary beýikligi boýunça deňeşdirmegi, iň beýigini, iň pesini görkezmegi we jogaby esaslandyrmagy tabşyrýarys. Şeýle hem oýnawaçlaryň üsti bilen jaýjagazlary ýasamagy we olaryň näçe gatdan ybaratdygyny soraýarys. Çagalara nusga görkezmek arkaly ululygy boýunça iki predmeti olaryň birine deň bolan üçünji bir predmetiň kömegi bilen deňeşdirmegiň düzgünlerini öwredýäris. Öwredilýän düşünjeler berkidilende, tagtada dürli beýiklikdäki birnäçe gatly jaýlaryň, uzyn we gysga boýly oglanjyklaryň suratlary görkezilip, ýumuşlary hödürlemek, sorag bermek çagalar üçin has hem gyzyklydyr. Çaga pikirlenme esasynda ýerine ýetirýän işine baha bermegi, tapawutlandyrmagy, gözellik taraplaryna düşünmegi, ony özüçe guramagy, özleşdirmegi başarýar. Şonda döredijilikli çemeleşmä ýol açylýar. Sapagyň gidişinde dürli usullaryň ulanylmagy işiň netijeli bolmagyna alyp barýar.
Çagalar baglary bölümine gaýtmak
Körpelere sanlary öwretmek
Çagalar baglary
Ählisi
8 görülme sany