Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpelerine bilim we terbiýe berýän bilim işgärleriniň öňünde türkmeniň milli ruhuna, şol bir wagtyň özünde-de döwrüň talabyna laýyk nesli terbiýelemek esasy wezipe bolup durýar. Aýratyn hem, körpeleriň sözleýiş dilini ösdürmäge esasy wezipeleriň biri hökmünde seredilýär. Şonuň üçin-de, körpeleriň sözleýiş dilini ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Olaryň sözleýşiniň kämil bolmagy üçin sözleýşi ösdürmek, çeper edebiýat sapaklaryny döwrüň talabyna laýyk işjeň usullarda guramak uly ähmiýete eýedir. Terbiýeçiniň, mugallymyň sözleýiş dili näçe baý, medeniýetli, çeper, hoş owazly bolsa, çaganyň hem dil baýlygy şol esasda kämilleşýär. Çaga terbiýeçiniň, mugallymyň sözleýşine örän üns berýär. Olar daş-töweregindäkilere, ata-enesine, ululara öýkünip, dogry sözleýşiň düzgünlerini, sözleýiş medeniýetini tiz kabul edýärler. Biz durmuşda, iş tejribämizde çagalaryň öýde öz terbiýeçisine öýkünip, gurjaklary bilen gyzykly sapaklary guraýandygyny ata-enelerden ýygy-ýygydan eşidýäris. Jemile GAIPOWA, Kerki etrabyndaky 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Çagalar baglary bölümine gaýtmak
Körpeler üçin ertekileriň ähmiýeti
Çagalar baglary
Ählisi
8 görülme sany