Logo
Çagalar baglary bölümine gaýtmak
Sözleýiş dilini ösdürmekde oýunlaryň ähmiýeti

Sözleýiş dilini ösdürmekde oýunlaryň ähmiýeti

Çagalar baglary Ählisi 9 görülme sany

Mazmuny

Ynsan durmuşynda ene diliniň ähmiýeti örän uludyr. Çaganyň sözleýiş dili onuň dünýä akyl ýetirmeginde we şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde binýatdyr. Mekdebe çenli döwür üç ýaşdan alty ýaş bolup, bu döwürde söz baýlygy işjeň artýar, grammatik gurluşlar özleşdirilýär we aragatnaşyk endikleri kämilleşýär. Bu çaganyň diňe bir intellektual ösüşi üçin däl, eýsem, onuň duýgularynyň we häsiýetiniň emele gelmegi üçin hem esasy döwürdir.

Häzirki zaman okuw-terbiýeçilik işleriniň esasy maksady çagalary mekdebe doly taýýarlamakdan ybaratdyr. Sözleýiş diliniň ýokary derejesi bu taýýarlygyň iň esasy şertleriniň biridir. Soňky döwürde ylmyň ösmegi we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy okuw-terbiýeçilik işine bolan talaplary ýokarlandyrýar. Çagalar baglarynda öwrediji oýunlar çagalaryň aň-düşünjesini, pikirleniş ukyplaryny ösdürmäge, täze düşünjeleri we endikleri kemala getirmäge itergi berýär. Oýun mekdebe çenli ýaşly çagada esasy orun eýeleýär. Öwrediji oýunlar bolsa tebigy islegi maksadalaýyk ulanmaga, dil öwretmek işini çaga üçin gyzykly we özüne çekiji guramaga mümkinçilik berýär.

 

Umyt BAÝRAMALYÝEWA,Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.