Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Bildirişler bölüminden yza gaýtmak
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda  Biologiýa dersi boýunça V Halkara internet olimpiadasy

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Biologiýa dersi boýunça V Halkara internet olimpiadasy

20 Oktýabr, 2026
40

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Biologiýa dersi boýunça V Halkara internet olimpiadasyny geçirmek üçin şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

 

1.    Umumy düzgünler

Şu düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Biologiýa  dersi boýunça V Halkara internet olimpiadasyny (mundan beýläk - olimpiada) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, watansöýüji, zähmetsöýer, bilimli-ylymly, ýiti zehinli, başarjaň we özbaşdak işlemäge ukyply ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Biologiýa dersi boýunça V Halkara internet olimpiadasyny geçirmek Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň netijeli we maksadalaýyk durmuşa geçirilýändigini hem-de ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalaryny ulanmaga ukyplydygyny görkezer. Şeýle hem, internet olimpiadalaryň geçirilmegi Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmagy we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.

 

Olimpiadanyň maksady:

a)  Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy-okuw maglumatlary alyş-çalyş etmek;

b) ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylym-bilim ulgamynda pikir alyşmalaryny guramak;

ç)  häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek.

Olimpiadanyň wezipesi:

a)  häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;

b) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüş bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;

ç)  sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.

 

2.    Olimpiadanyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Biologiýa dersi boýunça V Halkara olimpiadasyny guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.

Guramaçylyk topary:

a) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Biologiýa dersi boýunça IV Halkara internet olimpiadasyny geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de olimpiadany guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar;

b) olimpiadany geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de usulyýet we gözükdiriji gollanmalary taýýarlaýar;

ç)  Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen olimpiadanyň meselelerini işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.

d) gatnaşyjylar we ýeňijiler üçin sertifikatlary taýýarlamak.

 

3.    Olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi

3.1.    Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň we hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplary gatnaşyp biler.

3.2.    Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri.

3.3.    Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary https://www.tdlu.edu.tm salgysynda ýerleşdirilen soragnamany dogry dolduryp, bellige durmaly. Bellige alnan talyplaryň elektron salgylaryna olimpiadanyň geçirilýän gününden bir gün öň olaryň login we parollary ugradylar. Olimpiada https://www.tdlu.edu.tm salgyda geçiriler. Olimpiadanyň işi barada maglumatlar Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň resmi www.tdlu.edu.tm internet sahypasynda ýerleşdiriler. Olimpiada gatnaşyjylara gözegçilik “Zoom” platformasynyň üsti bilen amala aşyrylar.

3.4.    Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde geçiriler.

3.5.    Olimpiada gatnaşýan talyp meseleleri we test soraglary özbaşdak çözmeli. Olimpiada geçirilýän wagty gapdalyndaky ýoldaşy bilen gürleşmäge, kitap we žurnal makalalaryny ulanmaga rugsat berilmeýär. Şu düzgüni bozan gatnaşyjy olimpiada gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylýar.

3.6.    Olimpiadada hödürlenjek meseleler we test soraglary Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan düzülip, eminler topary tarapyndan ylalaşylýar. 

3.7.    Olimpiadanyň eminler toparynyň düzümine uniwersitetiň halypa professor-mugallymlary girer. Eminler toparynyň düzümini we onuň başlygyny Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory tassyklaýar.

3.8.    Eminler topary olimpiada gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.

3.9.    Islendik gatnaşyjynyň arza-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arza-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.

3.10.    Arza-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär. Bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.

 

4.    Olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

4.1.    Olimpiadanyň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär.

4.2.    Olimpiadanyň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

4.3.    Olimpiadanyň ýeňijileri 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanýarlar.