Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
beýik maksatly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň ynsanperwer syyasaty esasynda ata Watanymyz - Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistan beýik özgertmeleriň we ösüşleriň mekanyna öwrüldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw
sapagynda «Öňdebaryjy ylmy-tehniki ösüşlere çykmak üçin, Türkmenistan bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirer. Biz ýurdumyzy bilim, pikir
alyşmak we startap döretmek merkezine, ýaşlary intellektual kooperasiya üçin özüne
çekýän bir mekana öwürmäge çalyşmaly» diýip belledi. Türkmenistanyň Prezidenti
tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji
ýyllar üçin Strategiyasynda», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň
2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipelere, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boyunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli
çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan -
bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Himiýa» dersi boyunça geçirilýän V
halkara olimpiadasy bilen utgaşykly ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw
mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň, merkezleriniň professormugallymlarynyň, alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, magistrleriniň we doktorantlarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 25-27-nji noyabrynda
«Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirilýär.
«Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy
tejribeleriň ähmiýeti» atly utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy-amaly
maslahatyň (mundan beýläk - Maslahat) barşynda halkara hyzmatdaşlygynyň tagallalaryny birleşdirmek arkaly ylmy-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny has-da
1
ösdürmegiň, himiýany we beýleki tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Maslahata gatnaşyjylar üçin himiýany öwrenmekde öz tejribesini paýlaşmaga, ylmy gözlegleriniň
we işläp taýýarlamalarynyň netijelerini halkara ylmy jemgyýetçiligine ýetirmäge,
dünýä ylmynyň täze gazananlary bilen tanyşmaga, şeýle hem bu ugurda möhüm
meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga giň mümkinçilikler dörediler. Maslahatyň umumy
mejlisinde we bölümlerinde professor-mugallymlar, alymlar, esasan, himiýa ylmyny
hem-de tehnologiýalaryny ösdürmekde, himiýany okatmagyň usulyýetini
kämilleşdirmekde gazanan netijeleri barada çykyş ederler. Maslahatyň geçirilmegi
Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň alyp
barýan ylmy-barlag we okuw-usuly işleriniň netijeleri barada ýakyndan tejribe
alyşmagyna mümkinçilik berer.
I bap. Umumy düzgünler
1.1. Şu düzgünnama ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw
mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň, professor-mugallymlarynyň,
alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, magistrleriniň, doktorantlarynyň
gatnaşmagynda utgaşykly görnüşde geçirilýän «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny
durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly
maslahatyň maksadyny, wezipelerini, geçirilişiniň tertibini kesgitleýär.
1.2. Maslahatyň guramaçylary- Türkmenistanyň Bilim ministrligi,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.
1.3. Guramaçylyk we tehniki goldawy utgaşdyrmak işleri uniwersitetiň
rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylyp döredilen Guramaçylyk iş topary tarapyndan
ýerine ýetirilýär.
1.4. Maslahatyň iş dilleri - türkmen, iňlis we rus dilleri.
II bap. Maslahatyň maksady we wezipeleri
2.1. Maslahatyň esasy maksady türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny, innowasion tehnologiýalary döwrebap ösdürmek
baradaky döwlet syýasaty esasynda <«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji
ýyllar üçin Strategiýasynda», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň
2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine
ýetirmekden, himiya ylmynyň we tehnologiýalarynyň toplumlaýyn ösdürilmegine
degişli ylmy barlaglaryň netijelerini, himiýany okatmagyň usulyýetiniň
kämilleşdirilmeginiň öňdebaryjy tejribelerini açyp görkezmekden hem-de bu işlere yaş
alymlaryň ýakyndan çekilmegini gazanmakdan ybarat.
2
2.2. Maslahatyň esasy wezipeleri:
- Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy-barlag işleri
arkaly gazanylan netijeleri ylmy jemgyýetçiligine ýetirmek we önümçilige
hödürlemek;
- himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmekde alnyp barylýan
ylmy barlaglaryň netijelerini, olaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak;
- himiýany we onuň bilen baglanyşykly beýleki tebigy ylmy ugurlara degişli
dersleri okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegini täze nazaryýet esasynda
seljermek;
- tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri, esasan-da, himiýa dersini okatmagyň
usulyýetine innowasion tehnologiyalary, emeli aňy ornaşdyrmagyň ähmiýetini
öwrenmek;
- halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi arkaly bu ugurda professormugallymlaryň işjeň aragatnaşygynyň, özara tejribe alyşmagynyň netijeliligini
ýokarlandyrmak;
- Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň daşary ýurt ylym-bilim merkezleriniň
professor-mugallymlarynyň düzümi we alymlary, hünärmenleri bilen
hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam bermek.
III bap. Maslahatyň işiniň ugurlary
3.1. Maslahatyň umumy mejlisinde we bölümlerinde himiýa ylmyny,
tehnologiýalaryny ösdürmek hem-de himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek
boýunça çykyşlary gurnamak meýilleşdirilýär.
3.2. Maslahatyň bölümleri:
Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň strategik
ugurlary;
Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde gazanylan üstünlikler
we öňdebaryjy tejribeler.
IV bap. Maslahata gatnaşyjylar we onuň işiniň tertibi
4.1. Maslahata Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw
mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň professor-mugallymlary, alymlary, ylmy
işgärleri, aspirantlary, magistrleri we doktorantlary gatnaşyp biler.
4.2. Maslahat 2026-nji – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynyň 25-27-nji noýabrynda geçirilýär.
4.3. Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin ýerli gatnaşyjylaryň
hasaba alnyş maglumatyny şu Düzgünnamanyň 1-nji goşundysyna laýyklykda
doldurmaly we tsu.international.conference@gmail.com salgysyna ibermeli.
4.4. Maslahatyň ýygyndysynda çykyşyň gysgaça beýanlaryny neşir etmek üçin
gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beyanlary we annotasiyalary şu
Düzgünnamanyň 5-nji babynyň talaplaryna laýyklykda taýýarlanylmaly, awtoryň
işleyän edarasynda seljerilmeli hem-de olar edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol
3
çekilen hat üsti bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine 2026-njy ýylyň 31-nji oktýabryna çenli iberilmeli. Hata gatnaşyjynyň çykyşynyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň, hasaba alnyş maglumatynyň elektron görnüşleri goşulmaly.
4.5. Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler hasaba alnyş maglumatynyň, ylmy çykyşynyň gysgaça beýanynyň, annotasiyalarynyň elektron görnüşini tsu.international.conference@gmail.com salgysyna ibermeli. 4.6. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlary üçin aşakdaky wagt tertibi bellenýär: umumy mejlisdäki çykyş - 15 minuda, bölümleriň mejlisindäki çykyş – 7 minuda çenli. 4.7. Maslahatyň netijeleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň https://www.tdu.edu.tm resmi web saýtynda ýerleşdiriler. 4.8. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
V bap. Çykyşlaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar
5.1. Çykyşyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210x297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly.
5.2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda - 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda - 1,5 sm. Oriýentasiýasy - «kitap» görnüşli, şrifti - Times New Roman, ölçegi - 14 pt, setir arasy - 1.
5.3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl. 5.4. Halkara ylmy-amaly maslahatyna elektron görnüşde ähli maglumatlar Microsoft Office Word formatynda kabul edilýär (*.doc we *docx giňeltmesi bilen). 5.5. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde taýýarlanylmaly:
awtoryň ady, familiýasy setir harplar bilen sahypanyň sag tarapyna deňlemek bilen 14-lik şriftde goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli (2-nji goşunda laýyklyda taýýarlanylmaly);
eger çykyşyň gysgaça beýany iki awtor tarapyndan hödürlenilýän bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli;
çykyşyň gysgaça beýanynyň ady baş harplar bilen 16-lyk şriftde goyy gara ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;
- çykyşyň gysgaça beýanyny ýazmazdan ozal 1 (bir) setir goýbermeli. 5.6. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki we himiki formulalar kompýuterde ýörite formula redaktorlarynyň kömegi
bilen ýazylmaly.
5.7. Çykyşyň gysgaça beyanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeyär.
5.8. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär.
4
5.9. Çykyşyň gysgaça beýany tabşyrylanyndan soňra hödürlenilen düzedişler
we goşundylar kabul edilmeýär.
5.10.Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmayar. 5.11.Guramaçylyk topary hödürlenen çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny degişli talaplara laýyklykda saýlap almak hukugyna eýedir.
6. Habarlaşmak üçin maglumatlar
Maslahaty baradaky goşmaça maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň https://www.tdu.edu.tm resmi web saýtynda ýerleşdirilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99312 94-58-49 (ylym bölümi), +99312 39- 86-01(02) (himiýa fakulteti).
Elektron salgysy: tsu.international.conference@gmail.com
Bildirişler bölüminden yza gaýtmak
2026-njy ýylyň 25-27-nji noýabrynda himiýa dersi boýunça V halkara olimpiadasynyň çäginde geçirilýän «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahaty
20 Oktýabr, 2026
28