Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Bildirişler bölüminden yza gaýtmak
“Dil – parahatçylyk köprüsi” atly onlaýn okuw-usulyýet maslahaty

“Dil – parahatçylyk köprüsi” atly onlaýn okuw-usulyýet maslahaty

17 Oktýabr, 2026
20

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda” Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň işini durmuşa geçirmekde  bellenilen çärelerden ugur alyp, 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 11-ne ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlarynyň arasynda “Dil – parahatçylyk köprüsi” atly onlaýn okuw-usulyýet maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Okuw-usulyýet maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler baradaky maglumatlary (gatnaşyjynyň  familiýasy, ady, atasynyň ady; işleýän ýokary okuw mekdebi; wezipesi; çykyş etjek ylmy temasynyň ady) hasaba almak  2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 30-na çenli institutyň energetikatdei@gmail.com elektron salgysy arkaly amala aşyrylar.