“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda instituta berkidilen Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň hem-de takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Iňlis dili” dersinden test bäsleşigi
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna laýyklykda, okuwçylaryň daşary ýurt dillerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň hem-de takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Iňlis dili” dersinden test bäsleşigini guramak we geçirmek üçin şu Düzgünnama işlenilip taýýarlandy.
I. Umumy düzgünler
Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň hem-de takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň (mundan beýläk mekdepler) okuwçylarynyň arasynda “Iňlis dili” dersinden test bäsleşiginiň Düzgünnamasy bäsleşigiň esasy maksadyny, wezipesini, bäsleşigi geçirmegiň tertibini, netijelerini bahalandyrmagyň we jemlemegiň düzgünlerini kesgitleýär.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli bagyşlanyp geçirilmegi, ýurdumyzda halkara derejesinde alnyp barylýan işleri dünýä ýaýmaga hem-de Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmaga we giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.
II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri
Bäsleşigiň geçirilmegi ýurdumyzda daşary ýurt dillerini özleşdirmegiň usullaryny ösdürmegiň wezipelerini, kadalaryny we halkara tejribesini öwrenmekde giň dünýä garaýyşly hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.
Bäsleşigiň maksady:
- okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak, ukyplaryny artdyrmak;
- okuwçylaryň iňlis dilinde pikirlenip bilmeklerini we okan eserlerine doly düşünmeklerini maksat edinmek bilen, kitap okamaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak;
- ýurdumyzda bolup geçýän dünýä nusgalyk işler barada täze düşünjeleri we garaýyşlary daşary ýurt dillerinde düşündirip bilmek ukybyny ösdürmek.
Bäsleşigiň wezipesi:
- okuwçylaryň häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly döredijilige bolan gyzyklanmany artdyrmak;
- zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual derejelerini ýokarlandyrmak;
- dil öwrenmegiň döwrebap usullaryny ulanmagyň halkara tejribesini öwrenmek.
III. Bäsleşigi geçirmegiň tertibi
- Mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Iňlis dili” dersinden test bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlaryndan ybarat bolan Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk topary mekdepleriň okuwçylaryň arasynda test bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar.
- Test bäsleşigini 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde geçirmek meýilleşdirilýär.
- Bäsleşik iňlis dilinde geçirilýär. Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan test görnüşinde geçiriljek bäsleşigine her mekdepden okuwçylaryň 15-siniň gatnaşmagyna rugsat berilýär. Gatnaşjak okuwçylar we olara ýolbaşçylyk etjek mugallymlar baradaky maglumatlar şu Düzgünnamanyň 1-nji Goşundysyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 10-na çenli bäsleşigi guraýan Türkmen döwlet maliýe institutynyň Guramaçylyk toparynyň dilim3212@gmail.com elektron poçtasyna ugradylmaly.
- Bäsleşige hödürlenýän test soraglary 50 soragdan we her bir sorag 4 sany jogapdan ybarat (jogaplaryň biri dogry) görnüşde taýýarlanar. Her bir dogry jogaba 2 ball berilýär. Testi işlemekligiň dowamlylygy 50 minut.
- Bäsleşige gatnaşýan okuwçy test soraglaryny özbaşdak işlemelidir. Bäsleşigiň dowamynda bäsleşige gatnaşýan okuwçylara beýleki okuwçylar bilen maslahat etmek, kitap we beýleki maglumat göteriji serişdelerden peýdalanmak gadagandyr.
- Bäsleşigiň dowam edýän wagtynda düzgüni bozan okuwçy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.
- Bäsleşige gatnaşýan okuwçylaryň işleriniň netijesi boýunça düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda okuwçylara ýolbaşçylyk edýän mugallym Guramaçylyk toparyna arz-şikaýat bilen elektron poçta arkaly ýüz tutup biler: dilim3212@gmail.com
- Arz-şikaýat ýüz tutmalar Guramaçylyk topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözgüdi kabul edilýär.
IV. Bäsleşigiň netijelerini jemlemek we sylaglamak
- Bäsleşigiň netijeleri testler boýunça toplanan ballara laýyklykda, şahsy orunlar kesgitlener.
- Bäsleşige gatnaşýan okuwçylaryň işlerini bahalandyrmak üçin döredilen topar tarapyndan bahalandyrylan okuwçylaryň işleriniň netijeleri Türkmen döwlet maliýe institutynyň tdmai.edu.tm resmi internet sahypasynda ýerleşdiriler.
- Bäsleşigiň netijesinde ýeňiş gazanan okuwçylara Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan I, II we III derejeli Diplomlar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin:+99362438778; +99363229701
Goşundy 1
Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar we olaryň ýolbaşçy mugallymlary barada
MAGLUMAT
|
№ |
Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar |
Ýolbaşçy mugallymlar |
||||
|
Familiýasy, ady, atasynyň ady |
Okaýan mekdebi |
Okaýan synpy |
Familiýasy, ady, atasynyň ady |
Alymlyk derejesi |
Habarlaşmak üçin telefon belgisi we e-salgysy |
|
|
1. |
|
|
|
|
|
|
|
2. |
|
|
|
|||
|
3. |
|
|
|
|||
|
4. |
|
|
|
|||
|
5. |
|
|
|
|||