Logo
Yza gaýtmak
Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili” dersinden onlaýn test bäsleşigi

Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili” dersinden onlaýn test bäsleşigi

14.03.2026 Ders bäsleşikleri
12

 “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda  “Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili” dersinden onlaýn test bäsleşigi

 

 Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna laýyklykda, talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili” dersinden onlaýn test bäsleşigini guramak we geçirmek üçin şu Düzgünnama işlenilip taýýarlandy.

 

I. Umumy düzgünler

 

  1. Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän “Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili” dersinden onlaýn test bäsleşiginiň Düzgünnamasy bäsleşigiň esasy maksadyny, wezipesini, guralyş tertibini, netijelerini bahalandyrmagyň we jemlemegiň düzgünlerini kesgitleýär.
  2. Daşary ýurt dillerini bilmegiň özi maglumat tehnologiýalaryndan erkin peýdalanmaga, şahsyýetiň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ösüş depgini ýurdumyzyň sebit we dünýä möçberindäki taslamalara işjeň gatnaşmagy bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Şundan ugur alnyp, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek üçin zerur şertler döredilýär.
  3. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn bäsleşiklerini geçirmek ýaşlaryň taryhymyzy, milli mirasymyzy daşary ýurt dillerinde öwrenmeklige bolan höweslerini artdyrýar we innowasion tehnologiýalary ulanmak babatynda ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýar.
  4. Bäsleşigiň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilmegi ýurdumyzda halkara derejesinde alnyp barylýan işleri dünýä ýaýmaga hem-de Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmaga we giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.

 

II. Bäsleşigiň  maksady we wezipeleri

 

Bäsleşigiň geçirilmegi ýurdumyzda daşary ýurt dillerini özleşdirmegiň usullaryny ösdürmegiň wezipelerini, kadalaryny we halkara tejribesini öwrenmekde giň dünýä garaýyşly hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.

Bäsleşigiň  maksady

  • talyplaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak, ukyplaryny artdyrmak;
  • talyplaryň iňlis dilinde pikirlenip bilmeklerini we okan eserlerine doly düşünmeklerini maksat edinmek bilen, kitap okamaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak;
  • milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak;
  • ýurdumyzda bolup geçýän dünýä nusgalyk işler barada täze düşünjeleri we garaýyşlary daşary ýurt dillerinde düşündirip bilmek ukybyny ösdürmek.

Bäsleşigiň  wezipesi: 

  •   talyplaryň häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly döredijilige bolan      gyzyklanmany artdyrmak;
  • zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual derejelerini ýokarlandyrmak;
  • dünýäniň köp ýurtlarynyň tanymal ylmy merkezleri bilen gatnaşygy ýola goýmak tejribesini öwrenmek.

 

III. Bäsleşigi geçirmegiň tertibi

 

  1. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli  “Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili” dersinden onlaýn test bäsleşigini  guramak  we geçirmek  boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlaryndan ybarat bolan Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk topary ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu onlaýn test bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar.
  2. Onlaýn test bäsleşigini 2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde geçirmek meýilleşdirilýär.
  3. Bäsleşik iňlis dilinde geçirilýär. Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan onlaýn test görnüşinde geçiriljek bäsleşigine her ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň 5-siniň gatnaşmagyna rugsat berilýär. Gatnaşjak talyplar we olara ýolbaşçylyk etjek mugallymlar baradaky maglumatlar şu Düzgünnamanyň 1-nji Goşundysyna laýyklykda  2026-njy ýylyň aprel aýynyň 10-na çenli bäsleşigi guraýan Türkmen döwlet maliýe institutynyň  Guramaçylyk toparynyň garatayewaguljan83@gmail.com elektron poçtasyna ugradylmaly.
  4. Bäsleşige hödürlenýän test soraglary 50 soragdan we her bir sorag 4 sany jogapdan ybarat (jogaplaryň biri dogry) görnüşde taýýarlanar. Her bir dogry jogaba 2 ball berilýär. Testi işlemekligiň dowamlylygy 50 minut.
  5. Bäsleşige gatnaşýan talyp test soraglaryny özbaşdak işlemelidir. Bäsleşigiň dowamynda bäsleşige gatnaşýan talyplara beýleki talyplar bilen maslahat etmek, kitap we beýleki maglumat göteriji serişdelerden peýdalanmak gadagandyr.
  6. Bäsleşigiň dowam edýän wagtynda düzgüni bozan talyp bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.
  7. Bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işleriniň netijesi boýunça düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda talyplara ýolbaşçylyk edýän mugallym Guramaçylyk toparyna arz-şikaýat bilen elektron poçta arkaly ýüz tutup biler: garatayewaguljan83@gmail.com
  8. Arz-şikaýat ýüz tutmalar Guramaçylyk topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözgüdi kabul edilýär.

 

IV. Bäsleşigiň netijelerini jemlemek we sylaglamak 

Bäsleşigiň netijeleri testler boýunça toplanan ballara laýyklykda, şahsy orunlar kesgitlener.  Bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrmak üçin döredilen topar tarapyndan bahalandyrylan talyplaryň işleriniň netijeleri Türkmen döwlet maliýe institutynyň tdmai.edu.tm resmi internet sahypasynda ýerleşdiriler.  Bäsleşigiň netijesinde ýeňiş gazanan talyplara Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan I, II we III derejeli Diplomlar gowşurylar.

 

Habarlaşmak üçin: +99363229701;

+99362438778

 

Goşundy 1

 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda

ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda

“Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili” dersinden geçiriljek onlaýn test bäsleşigine

 

_________________________________________________________________

(ýokary okuw mekdebiň ady)

gatnaşýan talyplaryň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň

 

MAGLUMATY

 

Bäsleşige gatnaşýan talyplar

Ýolbaşçy mugallym

Familiýasy, ady,

atasynyň ady

Hünäri (taýýarlyk ugry)

Okaýan ýyly

Familiýasy, ady, atasynyň ady

Alymlyk derejesi

e-poçtasy

Habarlaşmak üçin telefony

1

 

 

 

 

 

 

 

2

 

 

 

3

 

 

 

4

 

 

 

5