Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlarda täze, döwrebap tehnologiýalaryna erk etmek endiklerini ösdürmek hem-de daşary ýurt tejribelerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, Ýaşlaryň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen,Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigi yglan edildi.
Eýýäm dördünji gezek geçirilýän bu bäsleşik bu ýyl 2026-njy ýylyň 30-31-nji maýynda Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçiriler. Robot tehnikasy bilen gyzyklanýan ýaş inženerleri bir ýere jemleýän bu çäre Robot tehnikasynyň 4 görnüşi boýunça, ýagny “Päsgelçilikli tizlik ýaryşy”, “Biatlon”, “Bowling”, “ROBOT Race- Maşyn ýaryşy” görnüşleri boýunça geçiriler. Şeýle hem bu çäräniň dowamynda Taslama sergisine gatnaşyjy Robot taslamalaryň hem iň gowulary saýlanar.
Bäsleşigiň görnüşleriniň her birine gatnaşdyryljak robot tehnikalaryna bildirilýän talaplar
1-nji görnüş: Päsgelçilikli tizlik ýaryşy.
Gatnaşyjylaryň ýaşyna bildirilýän talap: Gatnaşyjylar 2018-nji ýylda doglan we ondan uly ýaşly ýaşlar;
Ýaryşyň düzgüni:
-
- Robot iň gysga wagtyň içinde gara çyzyk bilen bellenen ýoly başlangyç nokadyndan pellehana çenli geçmelidir we çyzygyň üstünde ýerleşdirilen Sütünjik görnüşli päsgelçilikleri aýlanyp geçmelidir.
- Robot päsgelçilikleri sag ýa-da çep tarapyndan aýlanyp geçip biler. Munuň üçin belli bir tarapy saýlamak boýunça talap kesgitlenmeýär. Esasy talap — her bir päsgelçiligi doly aýlanyp geçmekdir.
- Sütünjikler bilen çaknyşandygy ýa-da ýoly “gysgaldyp” geçendigi üçin robota jerime utuklary berilýär.
- Bäsleşik geçirilýän wagty gatnaşyjylar robotlara el degirmek gadagandyr. Bu düzgün bozulan ýagdaýynda robot bäsleşikden çykarylýar.
Ýol meýdançanyň mysaly çyzgysy:
![]() |
Ýol meýdançasy ak reňkli bolup, ondaky ýol gara reňkli zolakdan ybarat.
Öwrümli görnüşindäki (zig-zag) çyzygyň ini — 50 mm.
Sütünjiklere bildirilýän talaplar:
1.Ýoldaky Sütünjikleriň sany — 8 sany.2.Sütünjikleriň arasyndaky iň ýakyn aralyk — 75 sm.3.Sütünjikler galaýy silindr görnüşinde bolup, içgiler üçin ulanylýan adaty boş galaýy gaplardan (330 ml) taýýarlanylýar.4.Sütünjik ak kagyz bilen örtülýär.5.Sütünjigiň diametri — 70 mm.6.Sütünjigiň beýikligi — 120 mm.7. Sütünjigiň agramy — 50 gr-dan köp bolmaly däldir.
Robota bildirilýän talaplar:
- Bäsleşige gatnaşýan robot doly özbaşdak (awtonom) tertipde işlemelidir. Robotyň hereketi we tabşyryklary ýerine ýetirmegi daşarky we uzak aralykdan dolandyryşsyz amala aşyrylmalydyr.
- Robot robototehniki konstruktoryň esasynda ýygnalan ýa-da aýratyn taslama görnüşinde işlenip taýýarlanan bolmalydyr.
- Öňünden taýýar görnüşde öndürilen enjamlary, ýagny oýnawaç görnüşindäki ýa-da satuwda taýýar robot hökmünde hödürlenýän enjamlary bäsleşige robot hökmünde gatnaşdyrmaga rugsat berilmeýär.
- Robotyň gurluşyna, ulanylýan datçiklerine, tehniki böleklerine, hereketlendirijilerine, dolandyryş elementlerine hem-de energiýa üpjünçiligine degişli aýratyn çäklendirmeler göz öňünde tutulmaýar.
- Robotyň ölçegleri 300×300×300 mm-den uly bolmaly däldir.
Ýaryşy geçirmegiň tertibi
- Her bir gatnaşyja iki synanyşyk berilýär.
- Ýaryşyň jemleýji netijesi boýunça gatnaşyjynyň görkezen iň gowy synanyşygy hasaba alynýar.
- Eger robot aralygy geçýän wagtynda çyzykdan 10 sekuntdan köp wagt çyksa (ýagny 10 sekundyň dowamynda bir gezek hem çyzygyň üstüne çykmasa), onda synanyşyk hasaba alynmaýar
- Eger robot Sütünjigi urup ýyksа ýa-da ony 5 sm-den köp duran ýerinden süýşürse, onda her bir ýykylan ýa-da süýşürilen Sütünjik üçin jerime utuklary hasaplanýar (süýşürilen Sütünjik üçin — 1 jerime utugy, ýykylan Sütünjik üçin — 2 jerime utugy).
- Geçiş tertibi bozulanda (ýagny marşruty gysgaldyp geçende ýa-da Sütünjikleri goýberip geçende) robot üçin her bir şeýle düzgün bozulmasy boýunça 3 jerime utugy hasaplanýar.
- Ýeňiji diýlip iň az jerime utugyny toplan gatnaşyjy yglan edilýär. Deň jerime utuklaryna eýe bolan gatnaşyjylaryň arasynda ýeňiji iň az wagt görkezen gatnaşyjy bolup kesgitlenýär.
2-nji görnüş: “Biatlon” bäsleşigi
Gatnaşyjylaryň ýaşyna bildirilýän talap: Gatnaşyjylar 2018–2014-nji ýylda doglan okuwçylar
Meýdançanyň gurluşy we tehniki aýratynlyklary
![]() |
Esasy meýdança: ölçegi 2420×1000 mm, ak reňkli.Ýoluň çyzygy: ini 40 mm, gara reňkli.Başlangyç-finiş zolagy: ölçegi 400×400 mm.Dolandyryş zolagy: I we II dolandyryş zolaklarynyň her biriniň ölçegi 400×400 mm.Nyşana: diametri 66 mm we beýikligi 123 mm bolan içgiler üçin ulanylýan adaty boş galaýy gaplar ulanylýar (0,33ml göwrümli).Sütünçe (podstawkasy): nyşanany onuň üstünde ýerleşdirmek üçin ulanylýar, ölçegi 200×100×100 mm bolup, meýdançada berkidilip goýulýar.
Bäsleşigiň ýaryşynyň tertibi we düzgünleri:
- Robot “Start-finiş zolagyndan” herekete başlaýar. Başlamazyndan öň robotyň hiç bir bölegi “Start-finiş zolagyndan” daşyna çykmaly däldir.
- Robot “Start-finiş zolagyndan” herekete başlap, gara çyzyk boýunça yzygiderli ýagdaýda I we II dolandyryş zolaklaryndan geçmeli hem-de “Start-finiş zolagyna” girip çykyşyny tamamlamaly. Tapgyrlary geçiş tertibi bozulsa, robot synanyşykdan çykarylýar.
- Eger synanyşyk wagtynda robot gara çyzykdan çykyp, ýagny onuň ähli tigirleri çyzygyň bir tarapynda ýerleşse, ol synanyşykdan çykarylýar.
- Robot “Start-finiş zolagyndan” başga islendik dolandyryş zolagyna onuň haýsydyr bir bölegi giren pursadyndan başlap, şol zolaga giren hasap edilýär.
- Robot “Start-finiş zolagyndan” diňe dolylygyna giren ýagdaýynda şol zolaga giren hasap edilýär.
- I ýa-da II dolandyryş zolagyna girendigi ykrar edilen robota şol zolakda degişli tabşyryklary ýerine ýetirmäge rugsat berilýär.
● I dolandyryş zolagynda: A nyşanasyny bellenen ýerinden ýykmaly.
● II dolandyryş zolagynda: B we C nyşanalarynyň ikisini hem bellenen ýerinden ýykmaly.
● II dolandyryş zolagyndaky goşmaça baýrakly tabşyryk: B we C nyşanalaryny saklap, olar bilen bilelikde “Start-finiş zolagyna” girmeli. Nyşana, onuň hiç bir bölegi meýdança degmän, diňe robot bilen galtaşan ýagdaýynda, saklanyp durulýan hasap edilýär.
- Her bir gatnaşyja iki synanyşyk berilýär.
- Ýaryşyň jemleýji netijesi boýunça gatnaşyjynyň görkezen iň gowy synanyşygy hasaba alynýar.
- Robot ýaryşa başlamazdan öň “Start-finiş zolagynyň” çäklerinden daşyna çykmaly däldir. Robotyň hiç bir bölegi şol zolagyň araçäklerinden daşary çykmagyna ýol berilmeýär.
Utuklar
Tabşyryk üçin berilýän utuklar hem-de wagt üçin berilýän utuklar göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, olaryň jemi boýunça umumy utuk sany kesgitlenýär.
Bu utuklar aýratyn tabşyryklaryň ýerine ýetirilendigi üçin berilýär.
- Nyşanany sütünçeden ýykmak (A, B we C nyşanalary üçin deň derejede): her tabşyryk üçin 30 utuk. Jemi: 90 utuga çenli.
- B we/ýa-da C nyşanalaryny saklap “Start-finiş zolagyna” ýetmek: her bir nyşana üçin 30 utuk. Jemi: 60 utuga çenli.
- Gatnaşyjylaryň toplan utuklary deň bolan ýagdaýynda, ýeňijini kesgitlemek üçin synanyşygy ýerine ýetirmek üçin sarp edilen wagt esas hökmünde alnyp bilner. Şunda wagty has gysga bolan gatnaşyjy ýeňiji diýlip ykrar edilýär.
Robota bildirilýän talaplar:
- Bäsleşige gatnaşýan robot doly özbaşdak (awtonom) tertipde işlemelidir. Robotyň hereketi we tabşyryklary ýerine ýetirmegi daşarky dolandyryşsyz amala aşyrylmalydyr.
- Robot robototehniki konstruktoryň esasynda ýygnalan ýa-da aýratyn taslama görnüşinde işlenip taýýarlanan bolmalydyr.
- Öňünden taýýar görnüşde öndürilen enjamlary, ýagny oýnawaç görnüşindäki ýa-da satuwda taýýar robot hökmünde hödürlenýän enjamlary bäsleşige robot hökmünde gatnaşdyrmaga rugsat berilmeýär.
- Robotyň gurluşyna, ulanylýan datçiklerine, tehniki böleklerine, hereketlendirijilerine, dolandyryş elementlerine hem-de energiýa üpjünçiligine degişli aýratyn çäklendirmeler göz öňünde tutulmaýar.
- Esasy talap hökmünde robot başlangyç-finiş zolagynyň ölçeglerine doly laýyk gelmelidir.
- Robot diňe şu Düzgünnamada bellenilen şertlere laýyk gelen ýagdaýynda bäsleşige goýberilýär.
3-nji görnüş: Bowling.
Gatnaşyjylaryň ýaşyna bildirilýän talap: Gatnaşyjylar 2013-nji ýylda doglan we ondan uly ýaşlar
Bäsleşigiň şertleri we düzgünleri:
- Bäsleşigiň bu görnüşinde gatnaşyjylar ýörüte niýetlenen meýdançanyň araçäginden daşyna Sütünjikleri itekläp çykarmaga ukyply awtonom roboty taýýarlamalydyrlar.

- Bäsleşigiň dowamynda robotlar 3 minudyň (köp bolmadyk) dowamynda Sütünjikleri ringiň ak reňkli zolagyndan daşyna çykarmakdan ybaratdyr.
- Aşakdaky ýagdaýlarda wagt hasaby togtadylýar we synanyşygy tamamlan hasap edilýär:
- robot meýdançanyň tegeleginiň gara çyzygynyň daşyna doly çykyp, her çykanda şol ýagdaýda 5 sekuntdan köp wagt galsa;
- gatnaşyjy, roboty ýa-da Sütünjikni eli (ýa-da başga robotdan daşary) bilen degse;
- ähli Sütünjikler ringiň daşynda ýerleşse.
Meýdançanyň mysaly çyzgysy
- Meýdança diametri 1 m bolan ak tegelek görnüşinde bolup, onuň araçägi galyňlygy 5 sm bolan gara çyzyk bilen bellenilýär.
![]() |
|
Ölçegler mm-de |
Bäsleşigiň bu görnüşinde ulanylýan Sütünjikler
1. Sütünjikler hökmünde göwrümi 0,33 litr bolan içgi üçin niýetlenen boş galaýy gaplar ulanylýar.
2. Meýdançanyň içinde 8 Sütünjik deň aralykda ýerleşdirilýär. Sütünjikler ringiň gara araçäginden 5–15 sm uzaklykda goýulýar. Sütünjikleriň ýerleşdiriliş tertibi tutuş raundyň dowamynda ähli gatnaşyjylar üçin birmeňzeş saklanýar.
Bäsleşigi geçirmegiň tertibi
- Her bir gatnaşyja iki synanyşyk berilýär.
- Ýaryşyň jemleýji netijesi boýunça gatnaşyjynyň görkezen iň gowy synanyşygy hasaba alynýar.
- Raundlar başlanmazdan öň robotlaryň ölçegleri barlanyp görülýär.
- Raund başlanmazdan öň gatnaşyjy öz robotyny “Merkezi” zolagynda ýerleşdirmelidirler. Robotlaryň ähli talaplara laýyk gelýändigi emin tarapyndan tassyklanylandan soň, raundyň başlanmagyna rugsat berilýär.
- Sütünjik, onuň hiç bir bölegi çyzyk bilen çäklendirilen ak tegelegiň içinde ýa-da gara çyzygyň üstünde galmadyk ýagdaýynda, çykarylan diýlip hasap edilýär.
- Ringiň araçäginden bir gezek çykan Sütünjik çykarylan diýlip hasap edilýär we ol yzyna togalanyp gelen ýagdaýynda ringden aýrylyp bilner.
- Ýeňiji diýlip bellenen zolakdan iň köp san çykaran kegilleri gatnaşyjy yglan edilýär. Deň utuklaryna eýe bolan gatnaşyjylaryň arasynda ýeňiji iň az wagt görkezen gatnaşyjy bolup kesgitlenýär.
Robota bildirilýän talaplar:
- Bäsleşige gatnaşýan robot doly özbaşdak (awtonom) tertipde işlemelidir. Robotyň hereketi we tabşyryklary ýerine ýetirmegi daşarky dolandyryşsyz amala aşyrylmalydyr.
- Bäsleşige gatnaşdyrylýan robot enjamy robototehniki konstruktoryň esasynda ýygnalan ýa-da aýratyn taslama görnüşinde işlenip taýýarlanan bolmalydyr.
- Öňünden taýýar görnüşde öndürilen enjamlary, ýagny oýnawaç görnüşindäki ýa-da satuwda taýýar robot hökmünde hödürlenýän enjamlary bäsleşige robot hökmünde gatnaşdyrmaga rugsat berilmeýär.
- Düzgünnamada gadagan edilmedik ýagdaýlardan başga, robotlarda islendik görnüşdäki düzüm böleklerini ulanmaga rugsat berilýär.
- Synanyşygyň ähli dowamynda robotyň ölçegleri 250×250×250 mm çäginden geçmeli däldir.
- Sütünjikleri itekläp çykarmak üçin niýetlenen ýörite enjamlary (mehaniki, pnewmatik, titrediji, ses täsirli we ş.m.) ulanmak gadagandyr;
- Robot Sütünjikleri diňe öz korpusy arkaly itekläp çykarmalydyr;
- Robotyň tigirlerinde ýa-da korpusynda islendik görnüşdäki ýelmeşdiriji serişdeleri ulanmak gadagandyr;
- Meýdança ýa-da Sütünjiklere fiziki zeper ýetirip biljek konstruksiýalary ulanmak gadagandyr.
Ýokarda görkezilen talaplary bozan robotlar ýaryşdan çykarylýar.
4-nji görnüş: “ROBOT Race- Maşyn ýaryşy”
Robota bildirilýän tehniki talaplar:
- Robot maşynlar ini 20 sm, uzynlygy 25 sm-den uly bolmaly däl, beýikliginde çäklendirme ýok.
- Agramy 1kg-dan agyr bolmaly däl.
- Robotda iň köp 4 motor ulanylmaly;
- Robotda ulanyp boljak batareýalar: 3 sany Li-ion 18650 3.7 wolt ýa-da 8 sany AA1.5 wolta çenli bolup bilýär.
- Kontrol platasy (mikrokontroller) programma dilleriniň birinde programmirlenen bolmaly. Taýýar oýunjak, maşyn we ş.m. esbaplary ulanmak bolanok.
- Robotlar operator tarapyndan dolandyrylmaly. Dolandyrylyş simsiz bolmaly (Bluetooth, Wi-Fi, Lo-Ra, NRF, XBee, APC220, ZigBee, RF we ş.m.).
- Robotda ýakýan, suw sepýän, şoker ýaly garşydaşyň robotyna we ýaryş meýdançasyna zyýan beriji enjamlar ulanmak gadagan.
Ýol meýdançanyň mysaly çyzgysy:


Bäsleşigiň şertleri we düzgünleri:
- Bäsleşigiň bu görnüşine gatnaşyjylaryň ýaşyna bildirilýän talap: mekdep okuwçylary gatnaşyp bilýär;
- Ýaryşa Eminler toparynyň çeken bijesine görä 2 gatnaşyjy bir wagtda başlaýar. Robotlar ýoldaky päsgelçiliklerden geçip pellehana gelmeli. Her päsgelçiligi üstünlik bilen geçen ýagdaýynda kesgitlenen baly alýar. Netijede iň köp baly alan gatnaşyjy indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar.
- Päsgelçilikler:
- Typançak beýiklik +5 bal.
- Göreş meýdançasy (SUMO) + 20 bal:
- Bu meýdançada gatnaşyjylar garşydaşyny meýdançadan ýykjak bolmaly. Kim garşydaşyny ýyksa bal gazanar we ýoluna dowam eder. Eger ikisi hem ýykylsa onda täzeden synanyşarlar.
- Köpri + 10 bal:
- Köpriden ýykylman geçmegi başarmaly.
- Çägeli ýol + 10 bal:
- Çägeli ýoldan geçmegi başarmaly
- Dar ýol + 10 bal:
- Dar ýoldan ilki geçen baly alar.
- Pellehana ilki barmak +10 bal.
- Pellehana ilkinji barana 10 bal, ikinji barada 5 bal beriler. Eger dürli sebäplerden ýoly doly tamamlap bilmese bal almaz.
- Robot päsgelçiliklerden geçip bilmän ýykylsa, ýa-da ýoldan çyksa onda -5 baly kemeler we çykan ýerinden dowam eder.
- Gatnaşyjylaryň biri-biriniň robotyny ýoldan çykarmagyna rugsat berilýär we goşmaça +5 bal gazanýar, ýykylana jerime bal berilmeýär.
- Roboty işlemese, ondaky kemçiligi aradan aýyrmak üçin daşyndan kömek alyp bilýär (elläni üçin -5 bal alýar).
- Ýaryşyň netijesinde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar kesgitlenýär.
“Täsin robot” taslama sergi bäsleşigi
Bäsleşigiň çäginde taslamalaryň sergisi geçirilip olaryň arasynda has täsinlerini sylaglandyrmak göz öňünde tutulýar. Taslama sergisiniň esasy maksady pikiri şundan ybarat: gatnaşyjy ýa-da topar adaty bolmadyk, gyzykly, funksional we täsirli robototehniki taslamany hödürlemelidir. Taslama näçe geň galdyryjy bolup, ideýanyň özboluşlylygyny, tehniki ýerine ýetirilişini we tomaşaçy bilen özara täsirini görkezse, onuň bahasy şonça-da ýokary bolýar.
Gatnaşdyrylýan taslamalara mysallar:
- ýöreýän robot;
- gepleýän robot;
- kömekçi robot;
- sese, yşarata, ýagtylyga, päsgelçiliklere täsir bildirýän robot;
- adaty bolmadyk mehanika eýe bolan robot;
- şou, animasiýa ýa-da sahna çykyşynyň elementlerini özünde jemleýän robot;
- durmuşda, bilimde, ekologiýada, howpsuzlykda we beýleki ugurlarda peýdaly meseläni çözýän robot.
Taslama sergisine aşakdakylar gatnaşyp biler:
- bäsleşigiň bu görnüşine 30 ýaşa çenli ýaşlar şahsy tertipde gatnaşyp bilýärler;
- düzümindäki gatnaşyjylaryň sany çäklendirilmedik toparlar hem gatnaşyp bilýärler.
Taslama sergisiniň gatnaşmagyň tertibi:
- Gatnaşyjylar öňünden taýýarlanan taýýar robototehniki taslamany hödürleýärler.
- Serginiň dowamynda her bir gatnaşyjy ýa-da topar:
- taslama ýörüte niýetlenen ýerde ýerleşdirýär;
- robotyň başarnyklaryny, ukyplaryny görkezýär;
- taslama barada eminlere gürrüň berýär;
- eminleriň soraglaryna jogap berýär.
- Bir taslamanyň çykyşynyň maslahat berilýän dowamlylygy:
3 minuta çenli — taslamanyň tanyşdyrylyşy;
2 minuta çenli — eminleriň soraglaryna jogaplar.
Jemi: bir taslama üçin 5 minuta çenli.
- Gatnaşyjylaryň sany köp bolan ýagdaýynda eminleriň toparynyň bölümler ýa-da akymlar boýunça işlemegine rugsat berilýär.
- Her bir taslama aýratynlykda bahalandyrylýar.
Taslamalara bildirilýän talaplar
1. Taslama robototehnika degişli bolup, iň bolmanda aşakdaky düzüm bölekleriniň bir bölegini öz içine almalydyr:
- mehaniki konstruksiýa;
- elektron komponentler;
- datçikler, hereketlendirijiler, servo herekete getirijiler ýa-da beýleki ýerine ýetiriji mehanizmler;
- dolandyryş programmasy.
2. Taslama gatnaşyjy ýa-da topar tarapyndan özbaşdak döredilen bolmaly ýa-da ýol berilýän maslahat beriş goldawy bilen ýerine ýetirilen bolmaly.
3. Aşakdaky bilim ýa-da beýleki platformalary we komponentleri ulanmaga rugsat berilýär:
- Arduino;
- Makeblock;
- LEGO;
- micro:bit;
- Raspberry Pi;
- ESP32;
- we beýlekiler.
4. Taslama sergi bäsleşigine zawodda taýýar öndürilen robotlar, oýnawaçlar hem-de awtorlyk inženerçilik taýdan kämilleşdirilmedik, satyn alnan taýýar önümler kabul edilmeýär.
5. Taslama aşakdakylaryň biri bolmalydyr:
- gatnaşyjy tarapyndan doly ýygnalan konstruksiýa, ýa-da
- özbaşdak işlenip taýýarlanan robototehniki taslama.
6. Eger taslamanyň esasynda taýýar toplumlar, konstruktorlar ýa-da modullar ulanylan bolsa, gatnaşyjy taslamada özbaşdak ýygnamagyň, sazlamagyň, programmirlemegiň, kämilleşdirmegiň ýa-da özboluşly inženerçilik çözgüdiniň bardygyny görkezmelidir.
7. Taslama daş-töwerekdäkiler üçin howpsuz bolmalydyr.
8. Taslamada aşakdakylary ulanmak gadagandyr:
- açyk ot;
- pirotehniki serişdeler;
- zäherli maddalar;
- howply kesiji ýa-da çümdüriji elementler;
- adamlara ýa-da emläge zyýan ýetirip biljek konstruksiýalar.
9. Eger taslama elektrik torundan, akkumulýatordan, hereket edýän elementlerden ýa-da güýçli mehanizmlerden peýdalanýan bolsa, gatnaşyjy onuň howpsuz görkezilmegini üpjün etmäge borçludyr.
Baha beriş ölçegleri
Eminler topary her bir taslama aşakdaky ölçegler boýunça baha berýär:
1. Ideýanyň özboluşlylygy — 10 bala çenli
Pikirlenmäniň üýtgeşikligi, adaty bolmadyk çemeleşme we taslamanyň beýlekileriň arasynda tapawutlanyp bilmek ukyby bahalandyrylýar.
2. Wau-effekt / täsir galdyryjylyk — 10 bala çenli
Taslamanyň näderejede geň galdyrýandygy, gyzyklanma döredýändigi, duýgy täsirini ýetirýändigi we ýatda galýandygy bahalandyrylýar.
3. Tehniki ýerine ýetiriliş — 10 bala çenli
Ýygnamagyň hili, iş ukyby, konstruksiýanyň logikasy, mehanizmleriň, datçikleriň we dolandyryş ulgamlarynyň ulanylyşy bahalandyrylýar.
4. Funksionallyk — 10 bala çenli
Robotyň beýan edilen funksiýalaryny durnukly we düşnükli ýerine ýetirip bilşi bahalandyrylýar.
5. Programmirleme we iş logikasy — 10 bala çenli
Programma üpjünçiliginiň derejesi, algoritmiň bolmagy, awtonomlygy we daşarky şertlere täsir bildirip bilşi bahalandyrylýar.
6. Taslamanyň amaly ýa-da many taýdan gymmaty — 10 bala çenli
Taslamanyň peýdalylygy, ulanylyş mümkinçiligi, öwredijilik, jemgyýetçilik ýa-da durmuş taýdan gymmaty bahalandyrylýar.
7. Dizaýn we bezeg — 10 bala çenli
Taslamanyň daşky görnüşi, tertipliligi, estetikasy we umumy bitewiligi bahalandyrylýar.
8. Gatnaşyjynyň ýa-da toparyň tanyşdyrylyşy — 10 bala çenli
Aşakdakylary düşnükli düşündirip bilmek ukyby bahalandyrylýar:
- robot näme edýär;
- ol nähili işleýär;
- onuň aýratynlygy nämede;
- taslama näme üçin gyzykly.
9. Eminleriň soraglaryna jogaplar — 10 bala çenli
Gatnaşyjynyň ýa-da toparyň öz taslamasyna düşünmegi we esaslandyrylan jogaplary berip bilmegi bahalandyrylýar.
Eminler toparynyň berýän iň ýokary bahasy: 90 bal.
10. Tomaşaçylaryň goldawy — 10 bala çenli
Taslama tomaşaçylarda aýratyn güýçli gyzyklanma, oňyn duýgular we goldaw döreden ýagdaýynda goşmaça 10 bala çenli alyp biler.
Jemi iň ýokary netije: 100 bal.
Taslamanyň tanyşdyrylyşyna bildirilýän talaplar
1. Gatnaşyjy ýa-da topar aşakdakylary gysga we düşnükli beýan etmelidir:
- taslamanyň ady;
- onuň esasy ideýasy;
- robotyň ýerine ýetirýän mümkinçilikleri;
- ulanylan detallar, datçikler we mehanizmler;
- taslamanyň adaty çözgütlerden tapawudy.
2. Aşakdakylary ulanmaga rugsat berilýär:
- plakat;
- taslamanyň ady ýazylan ýazgy;
- prezentasiýa;
- ýygnama prosesini görkezmek üçin telefon / planşet;
- fon, dekor ýa-da sahna bezegi.
3. Eger robot:
- tomaşaçy bilen özara täsirleşýän bolsa;
- gepleýän bolsa;
- adaty bolmadyk usulda hereket edýän bolsa;
- buýruklara täsir bildirýän bolsa;
- gysgaça ssenarini ýerine ýetirýän bolsa;
- açyk obraz ýa-da taryh bilen tapawutlanýan bolsa, bu ýagdaýlar oňyn garşy alynýar.
Taslama sergisiniň jemini jemlemek
1. Taslama sergisinde eminleriň baha bermeginiň netijeleri we, degişli ýagdaýda, tomaşaçylaryň goldaw ballary esasynda iň ýokary baha toplan taslamalar sylaglandyrylmaga mynasyp hasap edilýär.
2. Ýeňijileriň sany 10-a çenli bolup biler.
Ýeňijileriň sany gatnaşyjylaryň ýa-da toparlaryň jemleýji netijeleri boýunça kesgitlenýär. Eger birnäçe taslama ýokary bal toplan bolsa, eminler topary güýçli netije görkezen birnäçe gatnaşyjylary ýeňiji diýip kesgitlenilýär.
3. Esasy ýeňijilerden başga-da, guramaçylaryň we eminleriň karary bilen ýörite ugurlar boýunça baýraklar hem gowşurylyp bilner.
Goşmaça maglumat üçin:
+993 (62) 82-97-62.
+993 (64) 97-76-15
Hasaba durmak üçin görnüş (ýükle linki goýmaly):
2026-njy ýylyň maý aýynyň 29-30 aralygynda geçirilýän “Robot tehnologiýalar” boýunça Türkmenistanyň ýaryşyna gatnaşyjylaryň sanawy:
_______________________________________________________________
(bilim edarasynyň doly ady)
|
№ |
Ady we familiýasy |
Doglan ýyly |
Okaýan mekdebi/ÝOM |
Jogapkär tälimçi |
|
“Biatlon” ýaryşy |
||||
|
1 |
|
|
|
|
|
2 |
|
|
|
|
|
“Bowling” ýaryşy |
||||
|
1 |
|
|
|
|
|
2 |
|
|
|
|
|
“Päsgelçilikli tizlik” ýaryşy |
||||
|
1 |
|
|
|
|
|
2 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
“ROBOT Race- Maşyn ýaryşy” |
||||
|
1 |
|
|
|
|
|
2 |
|
|
|
|
|
“Täsin Robot” sergi bäsleşigi |
||||
|
1 |
|
|
|
|
|
2 |
|
|
|
|
MÝ
Bilim edarasynyň ýolbaşçysy:
Ady, familiýasy ___________________


