Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2026-njy ýylyň 9-10-njy aprelinde Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we “Ýaşyl” ykdysadyýetde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga bagyşlanan startap-taslamalary boýunça bäsleşik yglan edildi.
Bu bäsleşik ýurdumyzda 2026-njy ýyly "Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" diýip yglan edilen ýylynyň çäklerinde geçirilýär we ýaşlaryň innowasion mümkinçiliklerini ösdürmäge, ylmy pikirleri goldamaga we döwrebap energiýa çözgütlerini ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Bäsleşige “Ýaşyl” energetikany ösdürmäge gyzyklanma bildirýän 18 ýaşdan 30 ýaşa çenli mekdep okuwçylary, talyplar we ýaş hünärmenler gatnaşmaga çagyrylýar. Gatnaşyjylar energetikada innowasion çözgütlerine bagyşlanan startap-taslamasyny taýýarlap, ony Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkezine tabşyrmaly. Şeýle hem, olar onlaýn hasaba durmaly. Arzada taslamanyň awtory barada maglumat, şol sanda aragatnaşyk maglumatlary, şeýle hem pikiriň jikme-jik beýany, onuň ylmy täzeligi, ulanylýan tehnologiýalar we onuň amaly ähmiýeti bolmaly. Taslamalar asyl nusgada bolmaly we hususy hasaplamalary, modelleri ýa-da tehnologik işläp düzmeleri öz içine almaly.
Tapgyrlar we möhletleri:
I tapgyr: Arzalar 2026-njy ýylyň 30-njy martyna çenli kabul ediler. Bilermenler iň gowy 20 işi saýlarlar.
II tapgyr (soňky tapgyr): 2026-njy ýylyň 9-10-njy apreli. Taslamanyň şahsy tanyşdyrylyşy (prezentasiýasy 5-7 minut) we wideo görkezilişi (1-3 minut) türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde ýerine ýetirilmeli.
Soňky netijeler esasynda 9 ýeňiji saýlanar (her ugur boýunça 3 sany). Ýeňijiler Ýewropa Bileleşiginiň taslamasynyň adyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar. Iň geljegi uly bolan taslamalar mundan beýläk-de ony amaly taýdan durmuşa geçirmek üçin goldaw alyp bilerler.
Habarlaşmak üçin: Salgymyz: Mary ş., Baýramhan köçeşiniň 62-nji jaýy.
Telefonlar: 8522-57502, +99365474701 Elektron salgy: tdei@tdei.edu.tm