Logo
Yza gaýtmak
Ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigi

Ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigi

22.01.2026 Hakaton
11

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Düzgünnama “IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasydyr.

 

  1. Umumy düzgünler

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigi 2026-njy ýylyň 20-21-nji aprelinde online görnüşinde geçirilýär.

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary  2026-nji ýylyň 6-njy apreline çenli 1-nji goşunda laýyklykda institutyň  sedahojayev06@gmail.com  elektron salgysynda hasaba alynýar.

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigine 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler.

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigi toparlaýyn we aýratynlykda gatnaşylýan bäsleşik görnüşinde geçirilýär. Topar agzalary 3(üç) talypdan ybarat bolmalydyr.

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigiň ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň her birinden bir toparyň gatnaşmagyna ýagny 3 (üç) talyba hukuk berilýär.

 “IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşik Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gözegçiligi esasynda Hakaton gatnaşmak tertibinde bellenilen senelerde kesgitlenilen wagtda geçirilýär.

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigine hödürlenilýän test soraglary üçin 1 sagat wagt berilýär.

  1. “IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigi guramagyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

 

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň we emin agzalarynyň düzümi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

 

Guramaçylyk topary:

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de bäsleşigi geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigine gatnaşyjy talyplaryň ýüztutmalaryna seredýär we arz-şikaýat boýunça düşündiriş işleri alyp barýar.

 

  1. “IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşiginiň esasy maksady

 

  •  Gatnaşyjylaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, programma üpjünçiligi;
  •  Talyplaryň döredijilik ukybyny ýokarlandyrmak;
  •  geljekdäki kärine (hünärine) söýgi döretmek;
  •  maglumat howpsuzlygy we sanly ykdysadyýet baradaky bilimlerini barlamak hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak;
  •  Talyplaryň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmek;
  •  Talyplara okuw işlerinde mesele mysallary çözmekligi öwretmek.

 

  1. “IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşiginde ulanmaga rugsat berilýän we gadagan edilýän gurluşlar

 

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigine gatnaşyjylara ulanmaklyga ygtyýar berilýär:

  • şahsy kompýuter we noutbuk;
  • islendik dildäki klawiatura;
  • klawiatura üçin dil faýllar;
  • syçanjyk.

 

 “IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşikde ýatda saklaýjy gurluşlary şeýle hem el telefonlary ulanmak gadagan edilýär.

 

  1. “IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemek

 

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşiginiň ýeňijilerini testiň netijeleri esasynda Eminler kesgitleýär.

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşikde emin agzalary talyplaryň zähmet usullaryna, her bir işiniň tehnologiki sowatlylygyna, test soraglarynyň wagtynda we dürs ýerine ýetirilişine, tehniki howpsuzluk we zähmeti goramak talaplarynyň dogry berjaý edilişine gözegçiligi ýerine ýetirýärler.

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşigiň netijeleri boýunça toparlaýyn görnüşde we her bir talyp aýratynlykda yglan edilenlere 1 sany baş baýrak, 2 sany I orun, 4 sany II orun, 5 sany III orun berilýär.

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” online bäsleşigiň ýeňijileri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Baş baýragy, I, II, III derejeli diplomlary bilen sylaglanýar.

“IT-Zehin: Sanly Synag – 2026” Hakaton bäsleşiginiň netijeleri teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

 

Habarlaşmak üçin tel.:+99362665547 (e-poçta:sedahojayev06@gmail.com)