Logo
Yza gaýtmak
«Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli» atly bedenterbiýe we sport bäsleşikleri

«Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli» atly bedenterbiýe we sport bäsleşikleri

24.04.2026 Sport bäsleşikleri
13
Bedenterbiýe we sport bäsleşikler 2026-njy ýylyň 4-9-njy maýy aralygynda günde sagat 14:00 – 18:00 aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda geçiriler.
Bedenterbiýe we sport bäsleşikleri haçan geçiriler?
- Umumy beden taýýarlygy we sportuň tizlik-güýç alamatly görnüşleri boýunça bäsleşikler – 2026-njy ýylyň 4-6-njy maýy aralygynda;
- sportuň oýun we göreş görnüşleri boýunça hem-de sportuň görnüşlerinden umumy we ýörite beden taýýarlygy boýunça test bäsleşikleri – 2026-njy ýylyň 7-9-njy maýy aralygynda.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň açyk çempionatlary haçan geçiriler?
- Türkmen milli we guşakly göreş boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň açyk çempionaty – 2026-njy ýylyň 12-14-nji maýy aralygynda;
- sportuň grek-rim we erkin göreş görnüşleri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň açyk çempionaty – 2026-njy ýylyň 15-17-nji maýy aralygynda;
- sportuň sambo göreş görnüşi boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň açyk çempionaty – 2026-njy ýylyň 22-24-nji maýy aralygynda.
Gatnaşmaga isleg bildirýänler QR-kod ulgamy ýa-da tdbsi@sanly.tm elektron salgysyna ugratmak arkaly onlaýn görnüşde ýa-da bäsleşikler başlamazdan öň instituta gelip hasaba aldyryp bilerler.
Bäsleşikleriň düzgünnamalary bilen www.tdbsi.edu.tm resmi saýtyna salgylanyp tanşyp bilersiňiz!
Mähriban okuwçylar! Siziň ähliňizi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilýän «Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli» atly bedenterbiýe we sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklyga çagyrýarys!
Bäsleşiklere gatnaşyň, sportda zehiniňizi görkeziň!