Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlendi
Ähli bilim edaralaryny we sanly hyzmatlary birleşdirýän ýeke-täk ekoulgam.
Portala giriň
Biziň dynç alyş we sagaldyş merkezimizde ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny, şeýle-de zehinlerini ýüze çykarmakda mekdep okuwçylary dürli ugurlarda, şol sanda durmuş ýörelgesine degişli ugurlarda bilimlerini, endiklerini artdyrýarlar, täze dostlary tapýarlar. Mary welaýatyndaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tejribeli mugallymlaryň 14-si çagalara terbiýe berýärler. Merkezde her tapgyrda 300 çaga dynç alyp, olar özleri üçin döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Dynç alyş merkezinde toparlaryň 12-si, her toparda çagalaryň 25-si tejribeli mugallymlar tarapyndan terbiýelenýär. Terbiýeçiler, mugallymlar çagalaryň sazçylyk, çeper halk senetçiligi bilen meşgullanmakda zehinlerini açmaga kömek edýärler. Ýörite meýilnama esasynda toparlaryň arasynda özara bäsleşikleriň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, şeýle-de Mary şäheriniň gözel künjeklerine gezelençleriň guralmagy olaryň dynç alşynyň many-mazmunlylygyny hem-de täsirliligini artdyrýar. Güljahan ÇARYKULYÝEWA, «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň direktory.
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Sankt-Peterburg şäherinde medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Halkara maslahatyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy — Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew çykyş etdiler. Maslahat medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, döwletara ynsanperwer dialogy ösdürmek, şeýle hem kreatiw we döredijilik industriýalaryny häzirki zaman halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde ilerletmek meselelerine bagyşlandy. “Medeniýetleriň özara gatnaşygy: häzirki zaman dünýäsinde mirasy gorap saklamak we ählumumy dialog” atly umumy mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga, döwletara dialogy ösdürmäge hem-de üýtgeýän halkara ýagdaýynda hyzmatdaşlygyň döwrebap gurallaryny kemala getirmäge aýratyn üns berildi. Maslahatyň maksatnamasynda “Medeniýetara dialog: däpler, häzirki zaman manylary we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri” atly panel ara alyp maslahatlaşmasy hem aýratyn orun eýeledi. Onuň dowamynda kinematografiýa, teatr sungaty, kitaphana we muzeý işi, aýdym-saz medeniýeti, şeýle hem döredijilik bilimi ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlary we geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Bu ugurda umumy medeni mirasy gorap saklamak, hünär we institusional gatnaşyklary pugtalandyrmak, bilelikdäki taslamalary goldamak, medeni alyş-çalyşlary giňeltmek hem-de jemgyýetiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. “Kreatiw industriýalar halkara hyzmatdaşlygyň gün tertibinde” atly panel ara alyp maslahatlaşmasynda bolsa bilermenler bitewi medeni we ykdysady giňişligi döretmek, ýokary eksport mümkinçiliklerine eýe bolan bilelikdäki taslamalary ösdürmek, kreatiw başlangyçlary goldamak hem-de üstünlikli tejribeleri döwletara derejede ýaýbaňlandyrmak boýunça tagallalary birleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem häzirki sanly dünýäde kreatiw industriýalaryň halklaryň medeni koduny gorap saklamakdaky ähmiýeti, zehinleri, däpleri we tehnologiýalary birleşdirmek arkaly bäsdeşlige ukyply täze medeni önümleri döretmegiň zerurlygy nygtaldy. Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew öz çykyşynda 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga, döwletara dialogy ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň döwrebap görnüşlerini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistana mahsus bolan “açyk gapylar” syýasatyna we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, ýurdumyzyň medeniýeti halklary birleşdirýän, ynamy, özara düşünişmegi we hormaty pugtalandyrýan “altyn köpri” hökmünde garaýandygy nygtaldy. Türkmen wekiliýetiniň bu halkara çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi berkitmäge, şeýle hem GDA giňişliginde bilelikdäki başlangyçlary goldamaga yzygiderli ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi bilen baglylykda, ynsanperwer dialogy ilerletmäge, ruhy-medeni mirasy gorap saklamaga, bilim, ylym, medeniýet we kreatiw industriýalary uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen tarapy özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, medeni alyş-çalyşlary giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary goldamaga, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet we bilim edaralarynyň, döredijilik jemgyýetleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 4-5-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçiriljek «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri. «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we 4 bölümde öz işini alyp barar: I bölüm. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny. II bölüm. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri. III bölüm. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary. IV bölüm. Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini) 2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli tsuecoconference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Maslahata gatnaşmak üçin çykyşlaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. Halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Halkara ylmy-amaly maslahaty baradaky goşmaça maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň https://www.tdu.edu.tm resmi web saýtynda ýerleşdirilýär. Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 94-67-37 (3161), +99365 50-31-65 Elektron salgysy: tsuecoconference@gmail.com «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleri we çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny taýýarlamaga bildirilýän TALAPLAR Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleri Halkara ylmy-amaly maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri. Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir çykyşyň gysgaça beýanyny (tezisini) hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş maglumaty doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt): Familiýasy Ady Atasynyň ady Wezipesi Alymlyk derejesi, ady Işleýän ýeriniň doly ady Işleýän ýeriniň salgysy (poçta salgysy bilen bilelikde) Iş we mobil telefony Tezisiň ady Tezisiň hödürlenilýän bölümi Tezis haýsy dilde taýýarlanyldy Halkara ylmy-amaly maslahatynyň bölümleri: I bölüm. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny. II bölüm. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri. III bölüm. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary. IV bölüm. Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti. Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Çykyşyň gysgaça beýany halkara ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalary bolsa beýleki iki dilde ýazylmaly. Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly. Halkara ylmy-amaly maslahatyna daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň annotasiýalarynyň terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler. Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlary we annotasiýalary awtoryň işleýän edarasynda seljerilmeli hem-de olar edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen 2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine iberilmeli. Hata halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň we annotasiýalarynyň, hasaba alnyş maglumatlarynyň elektron görnüşlerini goşmaly. Iberilen çykyşlaryň gysgaça beýanlarynyň ylmylygyna, mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler. Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler hasaba alnyş maglumatynyň, ylmy çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň, annotasiýalarynyň elektron görnüşini tsuecoconference@gmail.com salgysyna ibermeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar 1. Çykyşyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210x297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly. 2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – «kitap» görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. 3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl. 4. Halkara ylmy-amaly maslahatyna elektron görnüşde ähli maglumatlar Microsoft Office Word formatynda kabul edilýär (*.doc we *docx giňeltmesi bilen). 5. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde taýýarlanylmaly: - awtoryň ady, familiýasy setir harplar bilen sahypanyň sag tarapyna deňlemek bilen 14-lik şriftde goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli (Mysal üçin: Geldi Bäşimow (Türkmenistan); - eger çykyşyň gysgaça beýany iki awtor tarapyndan hödürlenýän bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli; - çykyşyň gysgaça beýanynyň ady baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli; - çykyşyň gysgaça beýanyny ýazmazdan ozal 1 (bir) setir goýbermeli. 6. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki we himiki formulalar kompýuterde ýörite formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly. 7. Edebiýat çeşmelerine salgylanmalar, inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilmeli ([1], [2], [3, 5s.] we ş.m.). Edebiýatlaryň sanawy işde salgylanylan tertipde, çykyşyň gysgaça beýanyndan soňra ýerleşdirilmeli. Edebiýatlaryň sanawyndan öň aýratyn setiriň merkezine deňlemek bilen EDEBIÝAT diýen sözbaşy ýazylmaly. 8. Çykyşyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär. 9. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär. 10. Çykyşyň gysgaça beýany tabşyrylanyndan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. 11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar. 12. Guramaçylyk topary hödürlenen çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny degişli talaplara laýyklykda saýlap almak hukugyna eýedir. Üns beriň! 1. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady – «Bäşimow G.T.tez.doc». 2. Hasaba alnyş görnüşi ähli awtorlar tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşi ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «has» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady – «Bäşimow G.T.has.doc». 3. Her bir çykyşyň gysgaça beýany üçin aýratyn faýl döredilmeli we maslahatda çykyş edýäniň ady görkezilen elektron bukjada ýerleşdirilmeli. Mysal üçin, «Bäşimow G.T.». 4. Faýllary arhiwlemeli däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň nusgasy: Geldi Bäşimow (Türkmenistan) KLIMATYŇ ÜÝTGEMEGINIŇ MERKEZI AZIÝANYŇ ÇÖL SEBITLERINIŇ ÝERÜSTI SUW BAÝLYKLARYNA TÄSIRI
Çagalar baglary
Orta mekdepler
Başlangyç hünär mekdepleri
Orta hünär mekdepleri
Ýokary okuw mekdepleri