Polşa Respublikasynda matematika bäsleşiginde talyplaryň gazanan halkara üstünlikleri
2025-nji ýylyň 6-9-njy noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherindäki Sileziýa uniwersitetiniň gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 7-nji Halkara toparlaýyn matematika bäsleşigi (International Students Team Competition in Mathematics, ISTCiM-2025) geçirildi. Bu bäsleşige Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyplary Bendow Kerimguly we Haýytmuhammedow Yslam toparlaýyn bäsleşikde üstünlikli çykyş edip kümüş medala mynasyp boldular. Uniwersitetiň talyby Bendow Kerimguly şahsy hasapda geçirilen bäsleşikde ikinji orny eýeläp kümüş medala mynasyp boldy. Bu üstünlikler talyplaryň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna özboluşly sowgady boldy. Sileziýa uniwersitetinde geçirilen bu abraýly bäsleşige Awstriýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Polşa Respublikasynyň, Sloweniýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hem Fransiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Halkara derejesindäki bäsleşikde gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň miwesidir. Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde gazanylan ýeňişler ylym-bilim ulgamynda täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykýandygyny, olaryň alan bilimleriniň we ukyp-başarnyklarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti