“Gurluşyk we senagat toplumynyň ylmy-innowasion ösüşi-bagtyýar geljegiň kepili” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Sizi 2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçiriljek “Gurluşyk we senagat toplumynyň ylmy-innowasion ösüşi-bagtyýar geljegiň kepili” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Ylmy-amaly maslahatynyň resmi dili: türkmen, rus we iňlis dilleri. Maslahatyň maksady – binagärlik-gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan häzirki zaman ylmy barlaglaryň, tehnologik innowasiýalaryň we tejribeleriň paýlaşylmagydyr. Maslahatda çykyş etmek üçin hödürlenýän mowzuklar aşakdaky ugurlary öz içine alýar: Maslahata gatnaşmak isleýän alymlardan, inžener-hünärmenlerden we ylmy-tehniki jemgyýetçiligiň wekillerinden öz çykyşlaryny we degişli resminamalary görkezilen tertiplere laýyklykda tabşyrmak haýyş edilýär. “Gurluşyk we senagat toplumynyň ylmy-innowasion ösüşi-bagtyýar geljegiň kepili” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň Ş E R T L E R I Türkmenistanly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary hasaba alnyş görnüşi (daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin) Familiýasy Ady Atasynyň ady Wezipesi Alymlyk derejesi, ady Işleýän ýeriniň doly ady Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli) Iş telefony, elektron salgysy Nutugyň ady (baş harplar bilen ýazmaly däl) Nutugyň tematiki ugry Nutuk haýsy dilde taýýarlandy 3.1.Halkara ylmy-amaly maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen diline terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler. 3.2.Halkara ylmy-amaly maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly. Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän T A L A P L A R Habarlaşmak üçin: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tel: (+99312) 28-18-04; (+99365) 81-44-82; (+99365) 50-67-58; faks: (+99312) 28-18-01; elektron poçta: ylym.tdbgi@gmail.com; amanarazow@gmail.com Halkara maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler öz tezislerini we annotasiýalaryny (kagyz we elektron görnüşinde) 2025-nji ýylyň 4-nji oktýabryna çenli ibermegiňizi haýyş edýäris.