Ýurdumyzda hasyl toýy dabaraly bellenildi
Bu gün ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinli we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. Häzirki döwürde Watanymyzyň özgertmeleriniň we gülläp ösüşiniň ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň abadançylygyny durmuş üpjünçilik şertlerini toplumlaýyn ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaýbaňlandyrylan ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan dünýäniň okgunly ösýän ýurtlaryna öwrüldi. Çünki “Ýazky hereket-güýzki bereket” diýen pähimi döreden babadaýhan pederlerimiziň nesilleri bu topraga eden yhlasynyň, döken maňlaý derine laýyk hasyly bilen gelýärler. Çünki bu toý-daýhanlarymyzyň herekediniň berekede, maňlaý deriniň göwher-dürüne öwrülmeginiň toýy. Bu toý bolçulygyň we agzybirligiň toýy. Bu toý edermen daýhanlarymyzyň çekýän halal zähmetine döwletimiziň belent hormat sarpasynyň toýy. Ata-Watanymyz Türkmenistan ýurdumyzda her bir bellenilip geçirilýän toý-baýramlarynda biziň hem begenjimiziň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyzyň hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Döwletliler köşgüne her bir toý-baýramlarynda Şa sowgatlaryny ýollap durmaklary, biz ýaş nesilleri diýseň begendirýär. Olar biz hakyndaky aladany hiç hili unutmaýarlar. Her pursatlarda biziň hak-howandarlarymyzyň aladalary, Şa sowgatlary biziň kalbymyzda öçmejek şatlykly pursady döredýärler. Munuň üçin hak-howandarlarymyza tüýs ýüregimizden sagbolsun aýtýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömürleriňiz uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleriňiz diňe üstünliklere beslensin. BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň okuwçysy Saparmyradow Aýdyň