«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ajaýyp nyşany
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ajaýyp nyşanyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda mugallymlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde ajaýyp ýylymyzyň nyşanynda ýerleşdirilen her bir şekiliň many-mazmunyny açyp görkezýän aýratynlyklary barada hem-de ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda buýsançly gürrüňler beýan edildi. Şeýle-de, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şöhratly wakalaryň hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan Türkmenistan ýurdumyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän beýik işler dogrusynda çykyşlar ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy