KITAP ÄLEMINE SYÝAHAT
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkymyz ylymyň-bilimiň ösdürilýän, kitaba sarpa goýulýan zamanasynda ýaşaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda: “Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr. Kitaplar geçmiş bilen gelejegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanýar. Ony ösdürmek, kämilleşdirmek, il-güne, okyjylara ýetirmek, okamagyň, öwrenmegiň täze we amatly usullaryny hödürlemek – mahlasy, jemgyýetiň öňe ilerlemeginde kitabyň ornuna uly üns bermek wajyp bolup durýar” diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Jemgyýetimizde ýaş nesillerimiziň sagdyn pikirli, aň taýdan ösen derejede bolmagynda kitaphanalaryň ähmiýeti juda uly. Talyp ýaşlarda kitap okamaga bolan höwesi ösdürmek, ylym-bilimlerini artdyrmak maksady bilen, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz kitaphon jemgyýeti kemala getirmelidiris!” diýen parasatly jümlelerinden ugur alyp, ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň işgärleriniň guramagynda, konserwatoriýanyň halypa mugallymlarynyň, şeýle hem talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölümleri bilen tanyşlyk we “Kitap älemine syýahat” atly söhbetdeşlik geçirildi. Talyplar, esasan hem, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň işi bilen aýratyn gyzyklandylar. Bu bölümiň hazynasy sungata degişli kitaplardan, döwürleýin neşirlerden, notalardan, audiowizual neşirlerden ybarat. Şeýle hem bu bölümde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nota eserleriniň baý hazynasy, sungatyň ähli görnüşleri boýunça sowal-jogap neşirleri saklanylýar. Bu bölüm türkmen we daşary ýurtlaryň sungatynyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek arkaly tematiki we senenamalaýyn kitap sergilerini guraýar. Bölümde “Sungat äleminde” atly tapgyr boýunça Türkmenistanyň belli-belli sungat ussatlary barada, suratkeşler, kompozitorlar, kinoaktýorlardyr režissýorlar, teatr artistleri, tele-radioýaýlymlaryň halypa diktorlary barada kitaphananyň kitapdyr gazet-žurnal hazynasyndaky bar bolan ähli maglumatlary alyp bilmeklige uly ýardam berýär. Bu gollanmalar we guralan sergilertalyplarda uly täsirgaldyrdy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminde okyjylara edilýän kitaphana hyzmatynyň ýene-de bir aýratynlygy ýekebara ýa-da topar bolup görmeklik hem-de diňlemeklik üçin audiowizual neşirleriniň fonotekasynyň bolmagydyr. Okyjynyň islegine görä bu ýerde diňlenen aýdym-saz eseriniň, ondan başga-da, bölümiň golasty hazynasynda saklanýan ses ýazgylaryndaky, ýagny plastinkalardaky bar bolan sazlary saýlap, häzirki döwrebap tehniki enjamlarda diňlemäge hem mümkinçilikler döredilendir. Bu mümkinçiliklerden peýdalanyp, talyplar kompozitorlarymyzyň sazlaryny höwes bilen diňlediler we özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip, dürli maglumatlary öwrendiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyndaky: “Okamak – bereket, ýazmak – kuwwat, döretmek döwletdir, köp kitap okamak, esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta okamakynsanyň döredijilikli pikirlenmesini artdyrýar...” diýen parasatly jümleleriniň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdiler. Biziň ýurdumyzyň ähli kitaphanalarynda kitaby mugt okamaga, öwrenmäge hemme mümkinçilikler bar. Ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Maral Nuryýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri