GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARY BOÝUNÇA BÄSLEŞIGIŇ WELAÝAT TAPGYRY GEÇIRILDI
Golaýda Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň, şeýle hem müdirligiň garamagyndaky umumybilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mugallymlarydyr terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi bilen ýörite işlenilip taýýarlanylan meýilnama esasynda welaýatyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Ömrümiň manysy”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” kitaplary boýunça bäsleşiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň “Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda çykaran 1251 kararyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekden, bilim edaralarynyň işinde ýaşlara kämil bilim, milli ruhda terbiýe bermek işinde Gahryman Arkadagymyzyň ýolgörkeziji bolup hyzmat edýän “Ömrümiň manysy”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” kitaplaryny ýatdan bilmekden we bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň kitap okamaklyk endiklerini has-da ösdürmekden ybarat bolup durýar. Bäsleşige şäher, etrap tapgyrlarynda Baş baýraga we birinji orna mynasyp bolan bilim edaralarynyň ýolbaşçylary: umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri iki ugur boýunça gatnaşdylar. Bäsleşikde taýýarlanan soraglara kompýuter maksatnamalary esasynda jogap bermekligiň netijesinde umumybilim berýän orta mekdepleriň müdirleriniň arasynda Baş baýraga Gyzylarbat etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň müdiri Ylýas Patlakow, birinji orna Balkanabat şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň müdiri Perhat Nuryýew, toplan utuk sanlarynyň deň bolandygy sebäpli Türkmenbaşy şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň müdiri Maýa Arazberdiýewa we Balkanabat şäheriniň Oglanly şäherçesindäki 10-njy orta mekdebiniň müdiri Hudaýnazar Hojamämmedow 2-nji orna, Gyzylarbat etrabynyň takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän 23-nji orta mekdebiniň müdiri Ogulgözel Orsbaýewa 3-nji orna; mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda Balkanabat şäheriniň 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Gülälek Söýeşowa Baş baýraga, Balkanabat şäheriniň 24-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Aýbibi Hajyýewa 1-nji orna, Gyzylarbat etrabynyň 10-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri Dursunjemal Annaberdiýewa 2-nji orna, Türkmenbaşy şäheriniň 13-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Enejan Orazberdiýewa 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň degişli diplomlary we Balkanabat şäheriniň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň geňeşiniň ýädigärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Bäsleşgiň ahyrynda umumybilim berýän orta mekdepleriň müdirleriniň arasynda Baş baýraga Gyzylarbat etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň müdiri, şahyr Ylýas Patlakow söz sözledi. Ol sözüni: “Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini öz durmuşymda we işimde hemra edinýärin, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny her gezek okanymda täze bir dünýä açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasada ýugrulan kitaplaryny biziň her birimiz durmuşymyzda, işimizde hemra edinmelidiris” diýip, ýürek buýsanjyny bäsleşik wagtynda döreden ““Ömrümiň manysy” kitabyn okap...” goşgusy bilen jemledi. “Ömrümiň manysy” kitabyn okap... Ömrüň manysyny nämede gördüň?! Okap Arkadagyň ajap kitabyn, Ynsanyň iline ýagşylygynda - Halal zähmet, abraý, hormatda gördüm... Geçmişde şöhratly taryhymyzda Köp döwletler guran pederlerimizi, Oguz ýaýlasynda – Turanda gördüm. Pata alyp pirden – Mäne babadan, Türkmeniň adyny dünýä tanadan, Seljuklar ýörişe ugranda gördüm. Gorkut ataň bölüm – boýlarynda-da, Görogly beg tutýan toýlarynda-da. Ýere bil baglanyň alyn derinde, Mähriban Atanyň wesýetlerinde, Enäň el işinde – kürtede gördüm. Geçmişde, şu günde, ertede gördüm. Şu güne buýsançly başlarda gördüm, Geljegi özgertjek – ýaşlarda gördüm. Ata-baba gelýän däbimde gördüm. Garaşsyz Watanyň ösüşlerini – Özgerişleri her ädimde gördüm. Her oba, her şäher, etrapda gördüm. ARKADAGYŇ parasadyndan dörän “Ömrümiň manysy” kitapda gördüm. Azat Berdiýew, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni