Mary welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň gatnaşmagynda “Daşary ýurt dillerini öwretmek – döwrüň talabydyr” atly bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň her bir raýatyň azyndan üç dili kämil bilmegini gazanmak barada bilim ulgamynyň öňünde goýan derwaýys wezipesi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilini okatmakda, şol sanda daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmakda ulgamlaýyn özgertmeleri geçirmegi talap edýär. Çagalar bakja-baglarynda zähmet çekýän mugallymlaryň we terbiýeçileriň hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrylmagy bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeleriň esasy meselesi bolup durýar. Bu meseläniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde çagalar bagyndan başlap, ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmeklige hem aýratyn orun berilýär. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 yyllygy mynasybetli Mary welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň gatnaşmagynda “Daşary ýurt dillerini öwretmek – döwrüň talabydyr” atly bäsleşigi 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynda geçirildi. Bu bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrýan giň gerimli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek, kämil bilimli, sagdyn bedenli ýaş nesli kemala getirmekde döredijilikli işleýän, usuly taýdan taýýarlykly, öňdebaryjy daşary ýurt dili mugallymlary ýüze çykarmak, olaryň iş tejribesini giňden ýaýratmak maksady bilen geçirildi. Dil öwrenmegiň ähmiýeti biziň günlerimizde has uly many-mazmuna eýedir. Döwletimizde açyk gapylar syýasaty amala aşyrylýar. Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň sany köpelýär. Ýurdumyz dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna goşulyp, bitaraplyk syýasatyny doly derejede amala aşyrýar. Bäsleşikde çagalar bakja-baglarynda zähmet çekýän daşary ýurt dil mugallymlarynyň taýýarlan okuw-görkezme, paýlama esbaplarynyň sergisi guraldy. Bäsdeş mugallymlar daşary ýurt dili sapaklaryny okatmakda birek-bireginden tejribe alyşdylar. Daşary ýurt dilleri sapaklarynda sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň peýdalanylmagy öwrenilýän sapagyň hilini we mazmunyny baýlaşdyrdy. Bu sapaklarda körpeleriň duýgularyna ýakymly we netijeli täsir etjek serişdelerden, ýagny yşyk, ses, saz bezeglerinden peýdalanylmagy has-da netijeli boldy. Çünki, çagalar täzeçillige uly gyzyklanma bildirýärler. “Daşary ýurt dillerini öwretmek – döwrüň talabydyr” atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň daşary ýurt dili mugallymy Läle Kakabaýewa I orna mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşan ähli daşary ýurt dili mugallymlary welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglandy. Ogulgerek Annageldiýewa, Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary