Pars sapak düzgünnama
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gurnamagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: kämil bilim – kuwwatly döwlet” şygary bilen ýurdumyzyň umumybilim berýän daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdeplerinde pars dilini öwretmegiň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçiriljek webinar sapagynyň DÜZGÜNNAMASY Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeleri we dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” esasynda bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaş nesli terbiýelemek we olary bilime höweslendirmek, ene dili bilen birlikde daşary ýurt dili bolan, pars dilini çuňlaşdyryp öwretmek barada maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Pars dilini okatmagyň döwrebap usulyýetine baglylykda kämil derejede öwretmeklik maksady bilen, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň umumybilim berýän daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň mugallymlary we VII synp okuwçylary üçin webinar, ýagny onlaýn wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagyny geçirýär. UMUMY DÜZGÜNLER Düzgünnama ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda webinar sapagyny guramaçylykly geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Webinar sapagynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň milli we dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda, sanly bilim ulgamy arkaly başarnyklary we endikleri açylyp görkezilýär. WEBINAR SAPAGYNYŇ MAKSADY WE WEZIPELERI - Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: “Dilimizi has baýlaşdyrmak, taryh akabasynyň haýsydyr bir öwrüminde ulanyşdan galan gowy sözlerimizi täzeden dolanyşyga girizmek, kämilleşdirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Diliň kämilligi ruhuň kämilligidir. Milletiň kämilligi bolsa biziň baş maksadymyzdyr” diýen paýhasyndan ugur alyp, ýurdumyzyň orta mekdeplerinden başlap, daşary ýurt dili bolan pars dilini has-da kämil derejede öwretmek. - Mekdep okuwçylarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, ata Watanymyza, halkymyza, milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanç duýgularyny artdyrmak. - Okuwçylara Türkmenistanda pars dilini içgin öwrenmek ugrunda alnyp barylýan işler, her bir dilde bolşy ýaly pars diliniň özüne mahsus tebigaty, ösüş aýratynlyklary, edebi dil bilen gepleşik diliň baglanyşygy, olaryň kanunalaýyklyklary, pars dilinde dogry we dürs sözlemegiň medeniýeti barada düşünje bermek. - Ýokary okuw mekdebi bilen umumybilim berýän orta mekdepleriň özara aragatnaşygyny pugtalandyrmak. WEBINAR SAPAGYNY GURAMAGYŇ WE GEÇIRMEGIŇ TERTIBI - Webinar sapagy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binýadynda ZOOM platformasy arkaly 2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda sagat 10:00 – 10:45 aralygynda geçirilýär. - Sapagy institutyň Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy A.Setdarowa alyp barýar. - Webinar sapak “فصل ها و ماه ها (pasyllar we aý atlary)” temada geçirilip, ol ýurdumyzyň umumybilim berýan orta mekdepleriniň 7-nji synp okuwçylary üçin Pars dili dersi boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamasy esasynda saýlanyp alyndy. Guramaçylyk topary, Habarlaşmak üçin: tel.: +993 64 209573; e-mail: kafedragde@gmail.com