Şatlykly geçýän pursatlar
Gyşky dynç alyş möwsümini täsirli, ýatda galyjy, gyzykly pursatlaryň bolmaklaryny gazanmak hem-de pederlerimiziň ynsanperwer ýörelgelerine, şöhratly taryhymyza söýgi döretmek maksady bilen Lebap welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan mekdep okuwçylary üçin gyşky dynç alyş möwsüminde medeni-dynç almak boýunça düzülen meýilnamasy esasynda welaýatyň Kerki etrabynyň Astanababa ýadygärligine, Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän Amul galasyna, welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, welaýat kitaphanasyna gezelençleri guraldy. Mekdep okuwçylary Welaýat kitaphanasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitaby bilen tanyş boldular we kitabyň many-mazmuny barada gürrüňdeşlik geçirildi. Gezelençleriň dowamynda muzeýde we taryhy ýadygärliklerde baý taryhymyza, türkmen halkynyň ýaşaýşyna, merdana pederlerimiziň görkezen gahrymançylyklaryna bagyşlanan maglumatlar, fotosuratlar, döwürlere degişli ýerleşdirilen eksponatlar, taryhy ýadygärlikler dogrusynda giňişleýin maglumatlar berildi. Ata-babalarymyzyň şöhrata beslenen taryhy sahypalarymyza ser salmaga we olar dogrusynda düşünjelerini has-da artdyrmaga, ylym we bilim Işgärleriniň berýän taryhy ähmiýetli gürrüňleri mekdep okuwçylarynyň aýratyn gyzyklanmasyna eýe bolup, olaryň her biri watançylyk ruhuny galkyndyrmaga, ýaşlary watansöýüji, ilhalar, mynasyp Watan ogul-gyzlary bolup ýetişmeklerine itergi berdi. Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi