Talyplar «Türkmennebit» döwlet konserninde okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary «Türkmennebit» DK-nyň edara-kärhanalarynda okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler. Talyplar tejribe döwründe konserniň edara-kärhanalarynyň dürli bölümlerinde önümçilik prosesiniň dürli tapgyrlary bilen tanyşdylar. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, tejribe döwründe talyplar dürli enjamlar bilen işlemek, nebiti we gazy çykarmak hem-de taýýarlamak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar iş meýdançalarynda işgärleriň ýerine ýetirýän işi, tehniki howpsuzlyk düzgünleri hem-de önümçiligiň guramaçylyk aýratynlyklary bilen ýakyndan tanşyp, tejribeli hünärmenlerden maslahat aldylar. Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi