Dabaraly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip, atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleri bilen bilelikde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleriniň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmuny, türkmen bedewleriniň şan-şöhraty, türkmen bedewlerini wasp edýän jümleler, rowaýatlar we birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabarada institutyň çeper höwesjeň talyp ýaşlary halkymyzyň asuda, parahat durmuşyny, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründeýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi