Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guraldy
2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” dekabr aýynyň 26-na Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç etdiler. Bu täsirli gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň taryhy döwürleri, ýadygärlikleri, milli-mirasy we türkmen bedewleri hakynda gyzykly gürrüňler talyplarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalynda türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, taryhyny şöhlelendirýän şekiller, fotosuratlar talyplarymyzyň Türkmenistanyň taryhy baradaky düşünjelerini has-da giňeltdi. Aýratynda türkmen bedewiniň ýyndamlygy, milli şaý-sepleri hem-de gadymy döwürlerde seýisçilik sungaty hakynda gürrüňler talyplary haýran galdyrdy. Eziz diýarymyzyň taryhyny, milliligini, däp-dessurlaryny öwrenmek üçin ýaşlarymyza şeýle giň mümkinçilikleri döerdip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi