HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABY – ÝAŞLAR ÜÇIN ÝOL GÖRKEZIJI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby – ýaş nesli terbiýelemekde, olaryň ruhy-ahlak taýdan ösüşini kämilleşdirmekde, şeýle hem Watanymyzyň gazanýan ýokary üstünliklerine bolan goşantlaryny güýçlendirmekde uly ähmiýete eýedir. Bu ajaýyp kitap ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna we iň gowy şahsyýetler bolup ýetişmegine, olaryň milli we watançylyk duýgularyny güýçlendirip, geljekde uly üstünliklere ýol açjak şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine ýardam berýän gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň esasy maksady, ýaşlaryň diňe bir bilim ýa-da hünär almak bllen çäklenmän, olaryň Watanymyza, halkymyza bolan söýgüsini, döwletimiziň beýik ösüşine bolan ynamyny we jemgyýete bolan jogapkärçilikli garaýyşlaryny ösdürmekdir. Bu kitap, ýaşlaryň iň belent ynsanperwer, ahlakly we kämil şahsyýetler bolmagyna ýardam berýän ýörelgeleri beýan etmek bilen, Watanyň öňünde durýan möhüm meseleler barada täze pikirleri özünde jemleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynda, ýaşlaryň watançylyk duýgularyny pugtalandyrmak, olaryň mirasa bolan hormatyny artdyrmak we bu ýörelgeleri, jemgyýetde dogruçyllyk, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýaly möhüm ahlak esaslary bilen birleşdirmek aýratyn nygtalýar. Şeýle hem, bu kitapda, ýaşlar üçin açylýan täze mümkinçilikler we ugurlar göz öňünde tutulyp, ýaşlaryň diňe bir döredijilik, ylym we bilim ugurlarynda öňe gitmek bilen çäklenmän, eýsem, ruhy taýdan berk, jemgyýetçilik taýdan jogapkärçilikli, öňdebaryjy şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berilýär. Kitapda, ýaşlaryň öňünde duran möhüm ugurlary döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşi üçin zerur bolan bilim, tehnologiýa we medeniýet ulgamlary bilen baglylykda düşündirilýär. Ýurdumyzyň ýaşlaryna uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary belent bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Güljan Saburowa, Daşaoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi