ARKADAG ŞÄHERINIŇ KITAPSÖÝÜJI ÝAŞLARY
Okuwçy ýaşlaryň kitap okamak endigini ösdürmek, türkmen halkynyň baý edebi mirasyny, dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserlerini ýaşlara tanatmak, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, okuwçylaryň döredijilik ukybyny ösdürmek maksady bilen Arkadag şäheriniň mekdep kitaphanaçylary tarapyndan dürli edebi çäreler geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 4-6-njy synp okuwçylarynyň arasynda “Kitaplar dünýäsine syýahat” atly kitap okamak bäsleşigi, 5-7-nji synp okuwçylarynyň arasynda Halyl Kulyýewiň “Men hemişe hoş sözleriň aşygy” atly çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi. Şeýle-de, “Ülkämiň toý saçagynda” atly hasyl toýuna bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi. Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda Gurbannazar Ezizowyň 85 ýyllygyna bagyşlanyp şahyrymyzyň goşgularyny labyzly ýatdan aýtmak, “Gyzykly ertekiler dünýäsinde” atly surat çekmek bäsleşikleri geçirildi. Şeýle-de, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de okuwçylarynyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň teleýaýlymy bilen bilelikde “Milli mirasym – edebi hazynam” atly gepleşik ýazgy edildi. Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň kitap okamak endigini ösdürmek, olaryň gündelik durmuşynda kitabyň ornuny berkitmek maksady bilen 6-7-8-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Kitapdan başlanýar bilimiň gözbaşy” atly kitaby labyzly okamak bäsleşigi hem-de mekdebiň esasy girelgesiniň eýwanynda “Dünýä ýüzi kitap bilen açylýar” atly kitap sergisi guraldy. Mekdebiň 7-8-9-njy synp okuwçylarynyň arasynda Şirinjemal Geldiýewanyň 90 ýaş ýubileý toýy mynasybetli surat çekmek bäsleşigi geçirildi hem-de 12-nji synp okuwçylary tarapyndan “Uly gyz” powesti sahnalaşdyryldy. Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde “Gyzykly ertekileriň dünýäsi” atly surat çekmek bäsleşigi, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanyndan “Ýürekleň buýsanjy – Watan” atly goşgusyny ýatdan aýtmak, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan bölekleri çeper okamak bäsleşigi geçirildi hem-de Nurmyrat Saryhanowyň döredijiligine bagyşlanan kitap sergisi guraldy. Ähli geçirilen çäreleriň netijeleri boýunça, ýaşlaryň kitap okamak höwesini has-da artdyrmak maksady bilen ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýagşymyrat Garaýew, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň mekdep kitaphanalarynyň kitaphana gory boýunça usulyýetçisi Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi