KITAPLAR DÜNÝÄSI – BILIMLER DÜNÝÄSI
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň kitaphançylarynyň arasynda mekdep okuwçylarynyň pikirlenmek ukybynyň ösmegine, gözýetimleriniň giňemegine uly ýardam edýän kitap okamaklygyň peýdasyny wagyz etmek we kitaphana ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen yglan edilen “Kitaplar dünýäsi – bilimler dünýäsi” atly bäsleşigiň jemleýji welaýat tapgyry Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň taryhynyň dowamynda döredilen milli gymmatlyklaryny öwrenmek we olary geljekki nesillere ýetirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ata-babalarymyz nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdirler. Olarda zähmetsöýerligi, dogruçyllygy, mertligi, ululara hormat goýmagy kemala getiripdirler. Türkmen halkynyň gadymdan bäri kitaba goýýan gadyr-gymmaty örän ýokary. Geçmişde türkmen ýaşulysynyň bir kitaby köşekli düýä çalşyp, ony oba bolup jemlenişip okamaklary milletimiziň kitaba bolan hormatynyň, söýgüsiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýandygynyň bir mysalydyr. Daşoguz welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň kitaphanaçylarynyň arasynda “Kitaplar dünýäsi – bilimler dünýäsi” atly döredijilik bäsleşigi mekdepleride kitaphana işiniň kämilleşmegine, mekdep kitaphanaçylarynyň alyp barýan işlerini döwrebaplaşdyrmaga we döredijilige bolan söýgüsini, ukybyny, zehinini hem-de başarnygyny açyp görkezmäge, çeper sözli kitaphanaçylary ýüze çykarmaga uly ýardam etdi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna jemi 9 sany mekdep kitaphanaçysy gatnaşyp, olar üç ugur boýunça öňde goýlan şertler esasynda çykyş etdiler. Olar goşgularyň, gazallaryň, aýdymlaryň üsti bilen öz işleýän mekdebi bilen tanyşdyrmak, ýaşlarda kitap okamaga söýgüni ösdürmek maksady bilen geçirilýän edebi çärelerde ulanýan usullaryny beýan etmek, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” we Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaplarynyň many-mazmunyny ussatlyk bilen açyp görkezmek, şeýle-de kitaphana otagynyň bezegi, döwrebap kitap sergileriniň guralyşy, elektron kitaplardan peýdalanylyşy, kitaphana işiniň alnyp barlyşy barada wideorolikleri görkezmek arkaly bu bäsleşige uly höwes bilen taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Bäsleşigiň jemi boýunça Daşoguz şäherindäki 8-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Ogulnur Isaýewa Baş baýraga, Boldumsaz etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Maýa Gurbandurdyýewa I orna, Köneürgenç etrabynyň 51-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Merjen Şamyýewa II orna, Görogly etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Aýbibi Ataýewa III orna mynasyp boldular. Ýeňijiler welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat haty hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň sowgatlary bilen sylaglandylar. Bäsleşleşige gatnaşyjylaryň ählisine höweslendiriji baýraklar gowşuryldy. Sähra Aşyrowa, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi