GARAŞSYZLYK – TÜRKMENIŇ BIR GANATY, BITARAPLYK – WATANYMYŇ ZYNATY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrýan eziz Diýarymyz öz ösüşinde täze belentliklere çykýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kitaphana ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler we gazanylýan üstünlikler hem bagtyýar ýaş nesliň röwşen geljeginiň binýady bolup durýar. Mekdebiň okuw-terbiýeçilik işlerinde okuwçylarda dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, halkara abraýy günsaýyn belende galýan Watanymyza söýgüni, buýsanjy kemala getirmekde kitaphanalara uly orun degişlidir. Kitaphana işini göwnejaý ýola goýmakda Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebinde hem nusga alarlyk işler durmuşa geçirilýär. Mekdebiň kitaphanaçysy Akjemal Hommyýewa ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerde kitaba bolan söýgini, Watanymyza bolan buýsanjy ösdürmek üçin jan aýaman zähmet çekýär. Mekdepde yzygiderli geçirilýän baýramçylyk çäreleri, çeper okaýyş bäsleşikleri, dürli temalara bagyşlanyp guralýan kitap sergileri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda mekdebiň mejlisler zalynda Akjemal Hommyýewanyň guramagynda Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlyk – türkmeniň bir ganaty, Bitaraplyk – Watanymyň zynaty” atly baýramçylyk çäresi hem diýseň şowhunly boldy. Ýokary derejede guralan baýramçylyk çäresine mekdebiň mugallymlary, okuwçylary bilen bir hatarda Mary welaýatynyň ähli etraplarynyň orta mekdeplerinden gelen kitaphanaçylar hem gatnaşdylar. Mekdebiň mugallymlarynyň okuwçylar bilen agzybirlikde ýerine ýetiren kompozisiýalary, aýdymlary, sahnalary, goşgulary çärä gatnaşanlarda diýseň uly täsir galdyrdy. “Bitaraplyk buýsanjym” ady bilen ýaýbaňlandyrylan kitap sergisi baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrdy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti paýhasyndan kemala gelen kitaplar, şeýle-de ýurdumyzda neşir edilen täze çeper we syýasy edebiýatlar ýerleşdirilipdir. Bu waka bilimler dünýäsiniň şamçyragy bolan kitaplaryň ynsanyň durmuşynda uly ähmiýetiniň bardygyny, ýaş nesilleriň kitap okamaga höwesini artdyrmakda wajyp ornuň kitaphanalara degişlidigini ýene bir gezek subut etdi. Biz ösüp gelýän ýaş nesillere bilimdir terbiýe bermek üçin döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Tyllagözel Annaberdiýewa, Mary şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy. Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi