Ylmy maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 27-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Adam saglygy jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygydyr» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahata lukmanlar, institutyň professor-mugallymlary we ylmy işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitleri, şeýle hem adam saglygy, sagdyn-durmuş ýörelgeleri boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Masalahatyň dowamynda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi we halkymyzyň sagdyn durmuş ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi