Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 27-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Kitap adamzadyň ruhy hemrasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli galamyndan syzylyp çykan «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabynyň «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar», «Halkyň hem hakykatyň ýolunda» atly bölümleri boýunça birnäçe gyzykly çykyşlar diňlenildi. Masalahatyň dowamynda Talyp ýaşlara Magtymguly atamyzyň döredijilik ýoluny içgin öwrenmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, şahyryň halkara ähmiýetli gymmatly döredijiligi dünýä derejesinde meşhurlyk gazanyp, çäksiz gymmata eýe bolan çeper ýadygärlikdigi barada giňişleýin bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi