Dabaraly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 27-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi bilen bilelikde talyp ýaşlaryň arasynda «Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň dowamyndaky taryhy wakalar, gol çekilen ylalaşyklar boýunça hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe çykyşlar diňlenildi. Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýar. Maslahatda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglanandygy uly ruhubeletlik we buýsanç bilen bellenildi. Soňra bolsa institutyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi