TÄSIRLI GEÇEN BÄSLEŞIKLER
Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragy öz ajaýyp goşgy setirlerinde: “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýip belleýär. Ynsanyň köňül syrdaşy hasaplanýan kitaplar mukaddes närseleriň biridir. Türkmenistan ata Watanymyzda kitaba, onuň gadyr-gymmatyna aýratyn sarpa goýulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nur deýin ajaýyp eserleri biziň her birimiz üçin genji-hazynadyr. Bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň kitap okamaklyk endiklerini has-da artdyrmak, olaryň alyp barýan işlerinde weokuwlarynda Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň ýol görkeziji mekdepdigini içgin düşündirmek maksady bilen Alym Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby esasynda bilim işgärleriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby boýunça 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşigiň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap tapgyry jemlenildi. Etrap boýunça geçirilen bäsleşige mekdeplerde ýeňiji bolan bilim işgärleri we okuwçylar gatnaşdylar. Olar degişli kitaplar boýunça taýýarlanan soragnamalara jogap berdiler. Geçirilen bäsleşigiň kompýuter ulgamy boýunça guralmagy ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bäsleşigiň netijesine laýyklykda bilim işgärleriniň arasynda etrabyň Zelili adyndaky 8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Şirin Alymowa, mekdep okuwçylarynyň arasynda etrabyň D.Öwlüýägulyýew adyndaky 13-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýbibi Kadyrowa 1-nji orunlara mynasyp boldular. Bahar Ödekowa, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap bilim bölüminiň kitaphana işi boýunça hünärmeni. Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi