ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI – BUÝSANDYRÝAR NESILLERI
Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek we Balkan welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan yglan edilen 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda berilýän baý mazmunly maglumatlary boýunça bäsleşigiň mekdep tapgyryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Magtymguly adyndaky 3-nji orta mekdebiniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda bäsleşik guraldy. Okuwçylarymyz bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan we dür zehininden syzylyp çykan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň bölümleri esasynda taýýarlanan soragnamalara jogap berdiler. Biri-birinden zehinli ýaş okyjylarymyz emin agzalary tarapyndan taýýarlanylan soraglara anyk we takyk jogap bermegi başardylar. Elbetde, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň kitaba bolan söýgüsini has-da artdyrmak her bir bilim işgäriniň alyp barýan işiniň esasy bölegidir. Bize we geljekki nesillere nusgalyk bolýan ajaýyp kitaplary bilen serpaý ýapýan dörediji Alym Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Göwünlere gül, galamlara dil bitiren Milli Lidermiziň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Gurbangözel Öwezmyradowa, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Magtymguly adyndaky 3-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy. Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi