Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) wekiliýeti Malaýziýa iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar durnukly energetikany ösdürmekde, ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tenaga Nasional uniwersiteti (UNITEN) bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini aňladýar. Saparyň çäginde türkmen mugallymlary IEBMC-2025 ylmy maslahatynyň guramaçysy hökmünde çykyş etdiler. Bu bolsa ýokary okuw mekdebiň durnukly energetika babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan goşandynyň ähmiýetini nygtaýar. UNITEN-iň işewürlik mekdebi (UBS) tarapyndan guralan IEBMC-2025 halkara maslahaty emeli aňyň (EA) durnukly işewürlik tejribesine integrasiýasyny öwrenmek üçin öz wagtynda we wajyp platforma boldy. Ol "EA-na esaslanan durnukly ösüş strategiýalary: innowasiýalary global maksatlar bilen sazlaşdyrmak" atly tema bagyşlanyp, BMG-niň durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde EA-nyň ösüşi nädip gazandyryp biljekdigi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin öňdebaryjy alymlary, bilermenleri, pudagyň hünärmenlerini bir ýere jemledi. TDEI-niň wekiliýeti bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy wekilleri bilen tejribe alyşyp hem-de oňa öz goşantlaryny goşup, maslahatlara, prezentasiýalara we bölümçelerdäki çärelere işjeň gatnaşdylar. Maslahat durnukly ösüşe ýetmekde möhüm ähmiýete eýe bolan alty sany esasy tematik ugur üçin niýetlenildi. Maslahat gibrid görnüşde geçirildi, bu bolsa giň gerimli gatnaşyjylary çekmäge mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, TDEI-niň diller kafedrasynyň mugallymy Oguldjan Akmyradowa dürli sanly gurallary ulanmak arkaly sözleýiş ukybyny giňeltmegiň täsirli usullary barada onlaýn görnüşde gürrüň berdi. Bu bolsa durnukly energetika pudagynda geljekki hünärmenler üçin kommunikatiw ukyplary ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Şol kafedranyň mugallymy Aýna Nurmyradowa ekologiýa gönükdirilen strategiýalar, şol sanda biznes proseslerine "ýaşyl" tejribeleriň integrasiýasy, daşky gurşawa täsirini gözegçilik etmek üçin EA-ny ulanmak we kompaniýalaryň kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmaga we sosial jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durnukly biznes modellerini işläp taýýarlamak bilen tanyşdyrdy. IEBM-2025 gatnaşyjylara öz barlaglaryny abraýly akademik žurnallarda, şol sanda ASN Journals we Scopus-da indekslenen Advanced Research Design (ARD) žurnalynda çap etmek, bilimleri ýaýratmak we durnukly biznes tejribesine global düşünmäge goşant goşmak üçin mümkinçilikler döretdi. Iş saparynda bolan wekiliýet UNITEN-iň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mümkinçilikleri barada, hususan-da talyplary we mugallymlary alyş-çalyş etmek hem-de birek-biregiň tejribesini öwrenmek, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hünäri kämilleşdiriş we gaýtadan hünär taýýarlygy okuwlarynda okatmak, bilelikde ylmy-barlag, taslama işlerini alyp barmak boýunça teklipleri hödürlemek teklip edildi. TDEI bilen UNITEN-iň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň (MoU) çäginde guralan IEBMC-2025 forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy iki tarapyň hem energetika we degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär. Bu resminama geljekki bilelikdäki ylmy-barlag taslamalary, mugallymlaryň we talyplaryň alyş-çalşygyny amala aşyrmak boýunça maksatnamalar, şeýle hem energetika pudagynda bilimleri we innowasiýalary ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlar üçin ygtybarly esas döredýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministirligi