Türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen suw meseleleri boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde Blue Peace Central Asia (BPCA) başlangyjynyň çäklerinde, Halkara Suw serişdelerini dolandyrmak institutynyň (IWMI) we Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň (SDC) goldamagynda hem-de Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC) bilen hyzmatdaşlykda «Merkezi Aziýada suw meseleleri» atly sebitleýin maslahaty geçirildi. Sebitleýin maslahatyň işine Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýokary we orta hünär bilimi bölüminiň baş hünärmeni Jumamyrat Owezmyradow gatnaşdy. Bu sebitleýin maslahaty sebitiň orta we uzak möhletli geljeginde möhüm suw meselelerini kesgitlemek, uýgunlaşma boýunça ileri tutulýan ugurlary we innowasion çözgütleri maliýeleşdirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda utgaşykly hereketi üpjün etmek maksady bilen guraldy. Oňa gatnaşyjylar 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda suw diplomatiýasynyň ösdürilmegini, kiçi serhetara derýalaryň bilelikde dolandyrylmagyny we suw hem-de howa başlangyçlary boýunça işgärleriň mümkinçilikleriniň berkidilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. «Merkezi Aziýada suw meseleleri» atly sebitleýin maslahatyň jemleri boýunça durnukly suw serişdelerini ulanmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça bilelikdäki hereketleriň esasy ugurlary kesgitlendi. Çeşmesi: Türkmenistanyň Bilim ministrligi