«Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahaty
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2025-nji ýylyň 15-17-nji oktýabrynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Aşgabat şäherinde geçiriljek himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadasynyň çäginde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny utgaşykly görnüşinde geçirmegi meýilleşdirýär. Maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri. Maslahat umumy mejlisde we 2 bölümde öz işini alyp barar: I bölüm: Himiýany okatmagyň innowasion usullary. II bölüm: Himiýa ylmyny ösdürmekde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny. Maslahata gatnaşmak üçin çykyşyň gysgaça beýanyny, annotasiýany, hasaba alyş kagyzy we daşary ýurt passportyň nusgasyny 2025-nji ýylyň 20-nji sentýabryna çenli Guramaçylyk toparynyň tsu.international.conference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanlarynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. Halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Halkara ylmy-amaly maslahatyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyjylaryň zoom salgylanmasy goşmaça iberiler. Maslahata daşary ýurtlardan gelýän gatnaşyjylaryň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň amatly şertleri bolan umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamagy, naharlanmagy, şeýle-de Aşgabadyň çägindäki ýol harajatlary kabul edýän tarapyň hasabyna, Aşgabada gelmek we gitmek bilen bagly harajatlar, şeýle hem aýratyn ýagdaýda, gatnaşyjynyň myhmanhanada ýerleşmek islegi bar bolan halatynda, ugradýan tarapyň hasabyna tölener.