Informatika sapagynda maglumat üpjünçiligi
Ylym-bilim ösüşleriň berk binýady hasaplanylýar. Şonuň üçin eziz Watanymyzda bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin hormatly Prezidentimiz giň mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky taýsyz tagallalary biziň her birimizi buýsandyrýar. Biz — mugallymlar hem her bir sapagyň täsirli bolmagyny gazanmakda döwrebap usullardan ýerlikli peýdalanýarys. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda sanly ulgam ösdürilýär, kompýuter tehnologiýalaryna uly üns berilýär. Çünki häzirki döwür sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly bolup, täze ugurlar özleşdirilýär. Hut şonuň üçin hem mekdep okuwçylaryny ýaşlygyndan kompýuter tehnologiýasyna, sanly ulgama taýýarlamakda informatika sapagynyň ähmiýeti uludyr. Sapakda gürrüňi edilýän informasion maglumatlar okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär. Olardan geçilen tema barada soralanda öz pikirini doly we dogry beýan etmäge bolan ukyp-başarnyklary artmaga başlaýar. Okuw kitabynda berlen kesgitlemeleri düşündirýäris we okuwçylaryň özbaşdak okamak we düşünmek endiklerini kemala getirýäris. Näzgül MERGENOWA, Aşgabat şäherindäki 91-nji orta mekdebiň mugallymy.