Sanlary öwretmegiň usullary
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmek, asylly terbiýe bermek esasy ugurlaryň biridir. Şu nukdaýnazardan, kämil ýörelgeler, okatmagyň döwrebap usullary işjeň ulanylýar. Okatmagyň döwrebap usullary diýlip ylmy esasda öwrenilen we sanly tehnologiýalardan peýdalanylýan görnüşlerine aýdylýar. Şunda aýry-aýry temalary düşündirmek, okuw kitabynyň we multimedia tagtasynda slaýdlaryň üsti bilen okuwçylara düşündirmek ýaly görnüşlerini beýan edip bolýar. Okatmagyň döwrebap usullaryny matematiki amallar düşündirilende hem ýerlikli ulanmak bolýar. Matematiki amallary kalkulýatorda, kompýuter programmalarynda hem ýerine ýetirip bolar. Okuwçylaryň ýatdan hasaplamak endikleriniň ösdürilmegi dürli meseleleri ýatdan hasaplamak ýa-da degişli amallary ýerine ýetirmek arkaly kemala getirilýär. Dursenem DURDYÝEWA, Gyzylarbat etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.