Başlangyç synplarda türkmen dili
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýagty geljegimiz bolan ýaş nesil barada edilýän aladalar buýsanjyňy artdyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, sowatly bolmagy, milli mirasymyzdan, sungatymyzdan, medeniýetimizden, şeýle hem häzirki döwrüň ösen kompýuter tilsimatlaryndan baş çykarmagy, kämil bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesliň kämil bilimli bolmagynda başlangyç synpda öwredilýän sapaklaryň ähmiýeti uludyr, çünki başlangyç synp geljekki bilim mümkinçiliklerine aýdyň ýol bolýar. Ikinji synpda türkmen dili sapagynda ýogyn we inçe çekimli sesler öwredilýär. Sapagy döwrebap usulda guramak üçin multimedia tagtasynda dürli slaýdlary, ýumuşlary taýýarlaýarys. Sapak wagtynda bu ýumuşlary, slaýdlary görkezmek okuwçylaryň täze temany öwrenmegine, sapagy özleşdirmegine oňat täsir edýär. Zülfiýa ANNAMUHAMMEDOWA, Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.