Bilim işgärleriniň iş tejribesinden
Körpelerde tebigata söýgi döretmek Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagynda multimedia tagtasynda dürli oýunlary ýerine ýetirmek geçilýän temany çagalaryň ýeňil özleşdirmegine oňaýly täsir edýär. Multimedia tagtasynda dört pasly görkezýäris. Pasyllara görä slaýd şekillerini taýýarlaýarys we şol şekilleriň haýsy pasla degişlidigi barada çagalara sorag berýäris. Şeýle hem dürli miweleri görkezip, şol miweleriň haýsy pasyllarda ýetişýändigi barada çagalara aýdýarys. Her pasla bolsa, bir erteki gahrymanyny degişli edýäris. Şol miweler haýsy pasylda ýetişýän bolsa, pasyllara degişli bolan erteki gahrymanlarynyň, ýagny Akpamygyň, Ýartygulagyň, Ejekejanyň sebetlerine şol miwäni salýarys. Kimiň sebedi öňürti dolsa, şony hem ýeňiji diýip yglan edýäris. Ýeňiji körpelerimizi şekiljikler bilen höweslendirýäris.