Bilim — röwşen geljegiň çyragy
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy guwandyryjy hakykatdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak üstünlikli ýola goýuldy. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap ylym-bilim ojaklarynda hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur şertler döredildi. Munuň hut şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Watanymyzda gurlup ulanylmaga berlen okuw-terbiýeçilik edaralarynyň mysalynda aýdyň görýäris. Ýurdumyzyň ylym-bilim merkezlerinde ornaşdyrylan multimedia tehnologiýalary mugallymlara okatmagyň häzirki zaman usullarydyr tärlerini peýdalanmaga giň mümkinçilik berýär. Okatmagyň bu usulynyň bilim ojaklarynda ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy halkara tejribesiniň öwrenilmegi okuw sapaklarynyň täsirliligini, netijeliligini artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim, ylym ojaklaryny sanly ulgama geçirmekde uly işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlarymyz dünýä derejesindäki innowasion tehnologiýalardan başarjaňlyk bilen baş çykarýarlar. Munuň özi ýurdumyzda berilýän bilimiň hiliniň ýokarydygyny görkezýär. Maýa ÖWEZOWA, Aşgabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň müdiri.