Mugallymyň sarpasy belentdir
Ynsan balasy Watanda dünýä inýär, mähriban ojagynda, ata-ene gujagynda ösýär, ulalýar. Watan diýen beýik düşünjä ol ene hüwdülerine, ata wesýetlerine eýerip, kemal tapýar. Çagalarynyň kemally bolmagyny arzuwlaýan ata-ene perzendini söýgi bilen gurşaýar. Mähir bilen ýetişdiren çagalarynyň terbiýeli, bilimli bolmagyny arzuwlaýar. Şonuň netijesinde hem Watan ogullary, gyzlary bolup ýetişýän ýaş çagalaryň zehin akabasyndan ýükli bolmagy örän zerur bolup durýar. Bu barada pikir edip oturyşyma şahyr Kerim Gurbannepesowyň «Mugallymyň sözi — Watana ömür» diýen setirleri ýadyma düşdi. «Mugallymyň sözi — Watana ömür» diýlen sözde uly many bar. Mugallymyň sözi her bir ynsan üçin mukaddesdir. Mugallym ylym-bilime ýol açyp, seni ak ýollara besleýär. Hawa, mugallym ýaş nesillere bilim berýär, Watan mukaddesligine bolan söýgini oýarýar. Mugallym ýaş nesilleriň bilimli, sowatly bolmagyna uly goşant goşýar. Agamyrat AKYÝEW, Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.