Dünýä dilleri — dostluk köprüsi
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar baglary, orta mekdepler, sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Täze okuw mekdepleri okatmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalary — kompýuterler, dürli usulyýet enjamlary, multimedia tagtalary, internet ulgamy bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi bilim öwretmegiň, okatmagyň döwrebap ugurlarynyň ösdürilmegine ýardam berýär. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň halkara dilleri öwrenmekleri we özleşdirmekleri bilim syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlar iňlis, rus, türk, hytaý we beýleki dünýä dillerinde suwara gürlemegi başarýarlar. Çünki çagalar baglarynda, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde dünýä dilleri öwredilýär. Dürli bilim başlangyçlary döwrebap usullar arkaly ýaş nesillere ýetirilýär. Bilim bermegiň derwaýys ugurlarynyň biri-de daşary ýurt dillerini öwrenmekdir. Umumybilim berýän orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek üstünlikli ýola goýulýar. Daşary ýurt dillerini öwretmek ýörite maksatnamalar, meýilnamalar esasynda amala aşyrylýar. Bu bolsa ýaşlarymyzyň dünýägaraýşynyň ösmegine oňaýly täsirini ýetirýär, beýleki halklaryň medeniýetini, ýaşaýyş-durmuşyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Dil adamlaryň bir-biri bilen gatnaşygyny kesgitlemekde esasy wezipäni ýerine ýetirýär. Şonuň üçin hem her bir mekdep okuwçysynyň, ýokary okuw mekdebiniň talybynyň daşary ýurt dillerini bilmegi zerurdyr. Aýlar ATAKULYÝEWA, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.