Halkymyzyň terbiýe mekdebi
Geçmiş mirasymyz bolan çeper edebiýatda goşgular, paýhasly rowaýatlar döredilipdir. Şol edebi mirasymyzda ähli gowulyklaryň gözbaşynda ynsan edebiniň bardygy beýan edilýär. Ynsanyň edebi ahlak gymmatlygyna öwrülip, şahyrlar we akyldarlar tarapyndan inçeden yzarlanylypdyr. Ýaş nesillerde pederlerimiziň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, adamkärçilik, wepalylyk, dogruçyllyk ýaly häsiýetlerini kemala getirmek üçin asylly ýol-ýörelgelere eýerilýär. Ýaşlarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi terbiýelemek möhümdir. Çünki zähmet ynsany hassalykdan, tukatlykdan halas edýär, bagtyýarlyga ýetirýär. Zähmetiň gymmaty hakynda beýan edenimizde, halallygyň hem zähmetden başlanýandygyny bellemek gerek. Şonuň üçin hem zähmet terbiýesi aýratyn many-mazmuny özünde jemleýär. Aýgül AÇILOWA, Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.