Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen dabara döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanan üstünlikleriniň, milli we halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda gazanan ýeňişleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýän kitaplaryna aýratyn orun berildi.