Polşada gazanylan üstünlik
Ýakynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherindäki Silesiýa uniwersitetiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 7-nji Halkara toparlaýyn matematika olimpiadasy geçirildi. Onda Türkmenistan bilen birlikde, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 154 talyp çykyş etdi. Halkara olimpiada Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Olara matematikanyň algebra we kombinatorika, matematiki analiz, funksional deňlemeler, geometriýa we ähtimallyklar nazaryýeti bölümleri boýunça meseleler hödürlendi. Sülgün MYRATGELDIÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.