Döwrebap ösüşleri nazarlap
Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli pudaklara sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ugurda ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin olara innowasion tehnika we programma üpjünçiligi boýunça dünýä tejribesi öwredilýär. Munuň özi gün-günden özgerýän dünýä bilen deň gadam urmak, eziz Diýarymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşmak üçin örän uly zerurlykdyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäginde geçirilen maslahatlardyr özara duşuşyklaryň dowamynda hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň netijesinde sanly ulgamy ösdürmek boýunça işler üstünlikli dowam edýär. Ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, olaryň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, onuň üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeler amala aşyrylýar. Munuň özi ildeşlerimiz üçin sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini elýeterli etmäge, ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini döretmäge, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilikleri döredýär. Ýaran MEREDOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.