Bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler
Bilim geljegiň berk binýadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmeklerine, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikler döredilendir. Şu nukdaýnazardan, ýaşlar döwrebap bilimleri özleşdirýärler, sanly ulgama oňat düşünýärler. Ýurdumyzda ýaşlaryň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň sowatly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyna hem bu babatda dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Gün-günden täze sepgitleri nazarlaýan ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, onuň döwrebap derejelere eýe bolmagy ugrunda uly tagalla edilýär. Şunda ösen ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenip, olaryň gazananlaryny milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy bilen daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar oňyn netijelere beslenýär. Şeýle hem bu günki ýaşlarymyz dünýä derejesinde geçirilýän bilim olimpiadalaryna, dürli bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýarlar. Iň buýsandyryjy wakalaryň biri hem geçirilýän bäsleşiklerde ýaş zehinlerimiz ýokary üstünligi görkezmegi başarýarlar. Jennet BABAÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.